Türkiýe Hytaýyň raýatlaryna wizasyz syýahat mümkinçiligini hödürledi
2-nji ýanwardan başlap Hytaýyň raýatlary iki ýurduň arasyndaky söwda we syhaýatçylyk gatnaşyklarynyň güýçlendirilmegi maksady bilen baglaşylan şertnama laýyklykda 90 güne çenli Türkiýede wizasyz syýahat eder.
Resmi gazetde çap edilen Prezidentiň kararnamasyna görä, Türkiýe umumy paspordy bolan Hytaýyň raýatlaryna syýahatçylyk we tranzit maksatly wizasyz syýahat etmek hukugyny berdi.
Prezident R. T. Erdogan tarapyndan gol goýlan karara görä, hytaýly syýahatçylaryň 2026-njy ýylyň 2-nji ýanwaryndan başlap islendik 180 günlük döwürde 90 güne çenli Türkiýede galmagyna rugsat berilýär.
Karar, Türkiýä gelýän syýahatçylaryň sanynyň artmagyndan soň iki ýurduň arasynda söwda we syýahatçylyk pudagy boýunça edilýän gatnaşyklaryň güýçlendirilmegini maksat edinýär.
Resmi görkezijilere görä 2024-nji ýylda Türkiýä Hytaýdan 410 müň syýahatçy geldi. Şol san 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende syýahatçylaryň sanynyň 65,1 göterim artandygyny görkezýär.
Dünýä meşhur syýahatçylyk merkezleri
Hytaýyň Ankaradaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Žiang Sýuepin täze ýyl gutlagynda Türkiýäniň hytaýly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän esasy merkezlerden biridigine ünsi çekdi.
İlçi Žiang Sýuepin “Türkiýäniň Hytaýyň raýatlaryna wizasyz syýahat mümkinçiligini hödürlemegine hoşallyk bildirýäris. Bu Hytaý bilen Türkiýäniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 55 ýyllygyny belläp geçmek üçin uly sowgatdyr. Bu möhüm kararyň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürjekdigine we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrjakdygyna ynanýaryn” diýdi.