SYÝASAT
2 minut okamak
Tramp Katara guralan hüjümden öň Netanýahunyň özüne maglumat bermändigini aýdýar
Tramp Kataryň ABŞ-nyň gowy ýaranlaryndan biridigini nygtap, Ysraýylyň Katara gaýtadan hüjüm etmejekdigini aýtdy.
Tramp Katara guralan hüjümden öň Netanýahunyň özüne maglumat bermändigini aýdýar
Tramp Katara guralan hüjümden öň Netanýahunyň özüne maglumat bermändigini aýdýar / Reuters Archive
16 Sentýabr 2025

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ganhor Netanýahunyň geçen hepde Katara hüjüm etmeziniň öňýany özüne gönüden maglumat berendigi hakyndaky habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini aýtdy.

Tramp ýekşenbe güni “Ýok, bermediler” diýdi. Hüjüm hakyndaky maglumaty nireden alandygy hakyndaky soraga bolsa “Siziň eşidişiňiz ýaly eşitdim” diýip, jogap berdi.

Bu beýanat Netanýahunyň hüjümden öň Trampa maglumat berendigini öňe süren “Axios” habarlar gullugynyň habaryna jogap hökmünde berildi.

Ak Tam hüjümlerden soň ABŞ-nyň Baş ştabyna raketalar atylandan soň hüjümiň amala aşýandygy hakynda maglumat berilendigini we Trampyň garşy durmaga wagtynyň bolmandygyny öňe sürdi.

Tramp şeýle hem Ysraýylyň Katara başga hüjümler guramajakdygyny beýan etdi.

Owal ofisde žurnalistleriň soraglaryna jogap beren Tramp; “Netanýahu Katara hüjüm etmez” diýdi. Kataryň “iňňän gowy ýarandyğyny” beýan edip, “Köp adam bilýär, emma katara hüjüm etmez. Belki başga zat bolup biler” diýdi.

Prezidentiniň näme diýjek bolýandygy näbelli, emma analizler Netanýahunyň Aýlag sebitindäki arap ýurtlarynda Hamasyň ýolbaşçylaryna garşy başga çäreleri görmegine şert döredýän ýaly görünýär.

Sebitleýin reaksiýalar

Liderler Dohada guralan nobatdan daşary Arap-Yslam sammitinde Ysraýylyň Katara guran hüjümleriniň sebit üçin howply netijeleri ýüze çykarjakdygyny beýan edip, Ysraýylyň Ýakyn Gündogarda başga şertleri ýüze çykarmagyna garşy bilelikde hereket etmek üçin çagyryş berdiler.

Kataryn resmi habarlar gullugy “QNA” tarapyndan çap edilen jemleýji jarnamada Doha guralan hüjüm ýazgaryldy we Katara arkalaşyk beýan edildi.

Sammitde Ysraýylyň agressiýasynyň sebitde parahatçylygy ýola goýmak ugrundaky tagallalara zarba urandygy beýan edildi.

  Beýannamada; “Ysraýylyň sebitde täze şertleri öňe sürme maksadyna garşy durmagyň hökmanylygy” nygtalyp, şeýle synanşyklaryň “sebitleýin we halkara howpsuzlyga gönüden wehim salýandygy” duýduryldy.

Katar, Müsür we ABŞ bilen bilelikde gabaw astyndaky Gazada atyşygy bes etmek üçin töwellaçylyk edýän ýurtlardan biridi.