TÜRKIÝE
2 minut okamak
Türkiye basybalyjy güýçlere garşy gazanylan ýeňişiň 103 ýyllygyny belläp geçýär
Türk milleti 30-njy awgust Ýeňiş baýramynda Mustafa Kemal Atatürkiň ýolbaşçylygynda 1922-nji ýylda gazanylan we Anadolyda özygtyýarlylygy we dowamly barlygy üpjün eden ýeňiş gününi belläp geçýär.
Türkiye basybalyjy güýçlere garşy gazanylan ýeňişiň 103 ýyllygyny belläp geçýär

Türkiye 1922-nji ýylda grek goşunlaryna garşy Dumlupynar Meýdan söweşinde gazanylan ýeňişiň 103-nji ýylyny belläp geçýär. Bu ýeňiş Milli Azat edijilik söweşiniň öwrülişik nokady hökmünde kabul edilýär.

Türkiye Respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürkiň ýolbaşçylygynda 1922-nji ýylyň 26-njy awgustynda başlanan we Beýik Hüjüm ady bilen tanalýan harby kampaniýa, 18-nji sentýabrda tamamlanmak bilen, Türkiyäniň garaşsyzlygyny çürt-kesik yglan etdi.

Taryhçylar Atatürkiň ýolbaşçylygyndaky bu ýeňşiň Türkiyäniň özbaşdaklyk ugrundaky tutanýerliligini we Anadolyda baky ýaşaýşyny dünýä yglan edendigini nygtaýarlar.

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan hem türk halkyny Ýeňiş güni bilen gutlap, bu ýeňşiň diňe bir harby ýeňiş bolman, eýsem "milletiň direlişini, ýaşaýyş ugrundaky göreşini we ebedi garaşsyzlygyny alamatlandyrýandygyny" aýtdy.

Prezident Erdogan: “Biziň şu günki wezipämiz, 30-njy awgustda ýakylan garaşsyzlyk fakelini agzybirlik we jebislik bilen has güýçli geljege alyp gitmekdir" diýip belledi.

Bu baýram güni mynasybetli ýazmaça beýanat beren Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn hem: “Milletimiziň garaşsyzlyga we erkinlige bolan söýgüsiniň erjellik we tutanýerlilik bilen netijelenen 30-njy awgust ýeňiş baýramynyň 103-nji ýylyny belläp geçýäris” diýip belledi.

Ibrahim Kalyn: “Taryhda agzybirlik, raýdaşlyk we ynam bilen sansyz kynçylyklary ýeňip geçen eziz halkymyz, şol bir tutanýerlilik we öňdengörüjilik bilen geljegine tarap ýörişini dowam etdirýär. Bu mukaddes mirasyň jogapkärçiligini öz üstüne alýan Milli Howpsuzlyk guramasy hökmünde, döwletimiziň ýaşamagy, milletimiziň howpsuzlygy we garaşsyzlygymyzyň kepilligi bilen gutlaýarys. Şol mynasybetli Gazy Mustafa Kemal Atatürk we egindeşleri başda bolmak bilen bu topraklary bize Watan hökmünde goýup giden ähli şehitlerimizi rehimdarlyk, minnetdarlyk we hormat bilen hatyralaýarys, eziz milletimizi 30-njy awgust Ýeňiş baýramy bilen tüýs ýüregimden gutlaýarys” diýip belledi.

Türk Taryh guramasynyň başlygy Ýüksel Özgen bolsa bu ýeňişi 1071-nji ýylda Malazgirt ýeňişine meňzedip, bu ýeňişiň türk milletiniň Anadoly topraklarynda kök urjakdygynyň yglan edilmegi bolandygyny beýan etdi.

Öwren
Prezident: "Biziň müňlerçe ýyl dowam edýän şöhratly taryhymyzda diňe adalat we rehim-şepagat bar"
Ibrahim Kalyn paýtagt Ankarada müsürli kärdeşi Hasan Raşid bilen duşuşyk geçirdi
Prezident Erdogan: "NATO-nyň Ankara sammiti tejribe paýlaşmak üçin iň güýçli platforma bolar"
Ýylmaz Yslam dünýäsi bilen berk önümçilik we söwda gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna çagyrdy
Türkiye Ysraýylyň 1915-nji ýyldaky wakalary ykrar etmek kararyny ýazgardy
Türkiýe dünýäde ýel energiýasy boýunça 5-nji, gün energiýasy boýunça 10-njy orunda durýar
Prezident Erdogan Wenesuela goldaw ýüzlenmesini iberdi
Türkiýäniň Prezidenti Ankarany Global Diplomatik Merkezi diýip atlandyrýar
Polşanyň Prezidenti Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Yragyň Premýer-ministri Ali Zeýdi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
NATO-nyň Parlament Sammiti Stambulda geçiriler
Burhanettin Duran: Gazada başdan geçirilýänler biziň ýadymyzda galar
Şimşek: Energetika ulgamyndaky özgerişi tizleşdirmek arkaly durnuklylygymyzy güýçlendirýäris
Hakan Fidan Müsürde saparda boldy
Türkiýe bilen Siriýa saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahaty geçirler
Fidan NATO sammiti barada: Türkiye bolmadyk bolsa, Tramp gelmezdi
Daşary işler ministri Hakan Fidan Wladimir Putin bilen Kazanda duşuşdy
Fidandan Lawrowa Ormuz bogazy bilen bagly ýüzlenme: "Howpsuz we üznüksiz geçiş möhümdir"
Türkiýe FETÖ-li dönükleriň yzyna berilmegi üçin işe girişdi