DÜNÝÄ
1 minut okamak
“ABŞ Eýranyň ösüşini bökdeýär”
Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan, ýurdunda köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýokdygyny we Tähranyň ýadro ýaragyna garşydygyny aýtdy.
“ABŞ Eýranyň ösüşini bökdeýär”
“ABŞ, Eýranyň aýaklarynyň üstünde durmagyny bökdeýär” / AP
29 Sentýabr 2025

Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan, ABŞ-ny Eýran Yslam Respublikasynyň ösüşini bökdemekde günäkärledi.

Pezeşkiýan ýekşenbe güni Foks Nýus kanalyna beren beýannamasynda, ýurduna goýlan sanksiýalara garamazdan Eýranyň ýadro ýaragyny eýe bolmak ýaly niýetiniň ýokdygyny nygtady.

“Biz diňe parahatçylykly maksatly ýadro ýaragyna eýe bolmak isledik” diýen Pezeşkiýan  “Ýadro ýaragyna ýada haýsydyr bir köpçülikleýin gyryş ýaragyna ýer ýok. Biz ýadro ýaragyna eýe bolmak islemedik we asla bolmarys” diýdi.

“Snapback”

Ýekşenbe güni Fransiýa, Germaniýa we Britaniýa BMG-nyň howpsuzlyk geňeşiniň 2231 belgili kararynyň çäginde “snapback” mehanizmini işletdi.

Şol mehaniz Eýranyň jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmän halatynda sanksiýalaryň 30 günüň dowamynda gaýtadan güýje girmegini öz içine alýar.

Üstümizdäki ýylyň başynda ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana guran hüjümlerinden soň Tähran, BMG-nyň ýadro gözegçilik gullugy Halkara Atom energiýasy gullugy bilen hyzmatdaşlyk etmegi togtatdy.

Eýran Halkara Atom energiýasy gullugynyň özüne garşy birtaraply çemeleşýändigini öňe sürüpdi.

ABŞ üstümizdäki ýylyň başynda guran harby hüjümleri bilen Eýranyň ýadro desgalaryny nyşana aldy.

Trampyň adminstrasiýasy şol hüjümlerde Eýranyň urany kämilleşdiriş desgalaryny dolulygyna ýok edendigini öňe sürüpdi.

Eýran bolsa öňe sürülýän garaýyşlaryň asylsyzdygyny beýan etdi.

 

 

 

 

ÇEŞME:TRT
Öwren
Ysraýylyň Liwan-Siriýa serhedine guran hüjüminde 4 adam ýogaldy
Ukraina Gara deňziň möhüm portuna hüjüm gurady; Russiýa bolsa Zaporožýedäki bir obany basyp aldy
Ysraýyl Gazada guran soňky hüjümlerinde 30 palestinalyny öldürdi
"ABŞ sanksiýalary ýatyran halatynda, Eýran ýadro gepleşiklerinde egilşik etmäge taýýar"
Rubio: Tramp Eýran bilen ylalaşyk baglaşmagy has makul görýär
Ysraýyl ylalaşygyň düzgünini bozup ýene-de Liwana hüjüm gurady
“BRICS-iň harby hyzmatdaşlyga öwrülmegi barada öňe sürülýän garaýyşlar asylsyz”
Bangladeşde ýekşenbe gününe çenli täze hökümet gurlar
Tähran müňlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp bolan  ýörişlerden soň derňew komissiýasyny döredýär
Russiýanyň Odessa portuna guran howa hüjüminde 1 adam ýogaldy, 6 adam ýaralandy
Taryk Rahman Bangladeşiň Premýer-ministri bolar
Russiýa Kuba energiýa kömegini berer
Siriýa ABŞ-nyň Iordaniýa çekilmeginden soň Al Tanf bazasyny ele geçirdi
ABŞ bilen Meksika kokaina garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirýär
Bangladeşde 2024-nji ýyldaky pitneden soň ilkinji gezek saýlaw geçirilýär
Rus harby desgasyna degen raketanyň galyndylary sebäpli golaýdaky oba boşaldyldy
Pezeşkiýan: “Eýran artykmaç talaplara boýun egmez” diýdi
Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde 4 adam öldi
Polşa Russiýanyň rus harbysynyň janyna kast etmek synanşygy bilen bagly aýyplamalary ret edýär
Russiýa Ukrainanyň Odessa şäherinde energetika desgasyny nyşana aldy