Ysraýyl Eýranyň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ali Larijaniniň öldürlendigini öňe sürdi

Ysraýylyň Goranmak ministri Ýisrael Katz, düýn gije guralan howa hüjümlerinde Ali Larijani bilen Besij güýçleriniň serkerdesi Gulam Ryza Süleýmanyň öldürlendigini habar berdi.

By
Ysraýyl Eýranyň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ali Larijaniniň öldürlendigini öňe sürdi / Reuters

Ysraýylyň Goranmak ministri Ýisrael Katz sişenbe güni Eýranyň howpsuzlyk gullugynyn ýokary derejeli resmisi Ali Larijaniniň howa hüjüminde öldürlendigini öňe sürdi.

Katz düýn gije guralan howa hüjümlerinde Ali Larijani bilen Besij güýçleriniň serkerdesi Gulam Ryza Süleýmanyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini belledi.

Katz mesele hakynda beren beýannamasynda “Baş ştabyň başlygyndan Eýranyň Milli ýokary howpsuzlyk geňeşiniň Baş sekretary Larijani bilen Eýrandaky Besij güýçleriniň serkerdesi Süleýmanyň düýn gije täsirsiz ýagdaýa getirlendigi habaryny aldym” diýdi.

Ysraýylyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem Larijaniniň Eýranyň Milli ýokary howpsuzlyk geňeşiniň başlygy hökmünde Ysraýyl tarapyndan guralan hüjümde nyşana alynandygyny habar beripdi.

Eýranly resmiler mesele hakynda heniz hiç hili beýannama bermedi.

Ysraýylyň öňe süren garaýyşlardan soň Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Larijaniniň eli bilen ýazan belligine ýer berdi.

Larijaniniň X sosial media platformasyndan soňky habarnamasyny 17-nji martda sişenbe güni halkara wagt boýunça 09.40-da çap edendigi nygtaldy.

Larijani habarnamasynda Eýranyň Deňiz flodyna guralan hüjümde ýogalanlar üçin gynanç bildiripdir.