Erdoganyň Pars aýlagy ýurtlaryna gurajak saparynda howpsuzlyk we ikitaraplaýyn meseleler ele alynar
TÜRKIÝE
2 minut okamak
Erdoganyň Pars aýlagy ýurtlaryna gurajak saparynda howpsuzlyk we ikitaraplaýyn meseleler ele alynarTürkiyäniň Prezidentiniň Kuweýt, Katar we Oman döwletlerine gurajak resmi sapary, Ankaranyň Gazadan Pars aýlagy ýurtlaryna çenli bolan sebitde sezewar bolunan howpsuzlyk meseleleri ele almak we ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak taýdan möhüm bolar.
Rejep Taýýip Erdogan
منذ 11 ساعات

Prezident Rejep Taýýip Erdogan sişenbe gününden başlap Pars Aýlag ýurtlarynyň üçüsine möhüm resmi saparyna başlaýar.

Bu saparlar, Ankaranyň sebitdäki üýtgeýän dinamikalary göz öňünde tutup, ykdysady we strategiki täsirini çuňlaşdyrmak islegini ýüze çykarýar.

Prezident Erdogan resmi saparlaryna Kuweýt döwletine guramak bilen başlar we 22-23-nji oktýabr aralygynda Katara we Omana sapar gurar.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran, X platformasyndan beren beýanatynda: "Saparlaryň çäginde sebitleýin hadysalar başda bolmak bilen halkara meseleler bilen bagly geňeşmeleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar" diýdi.

Duran sebit ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli taraplarynyň gözden geçiriljekdigini we bar bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça tagallalaryň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Prezidentiň ýokary derejeli wekiliýet bilen gurajak saparynda biri-birinden tapawutly ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekilmegine garaşylýar.

Prezident Erdogan saparyň ilkinji duralgasy bolan Kuweýtde ýurduň paýtagty Kuweýt şäherinde Emir bilen duşuşyk geçirer.

Saparyň ikinji duralgasy Katar bolar. Erdogan çarşenbe güni Doha şäherinde Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamam Al Sani bilen duşuşyk geçirer.

Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklardan başlap sebit meselelerine çenli köp sanly mesele ele alynar. Gazadaky ýaraşyk ylalaşygy we sebiti täzeden gurmak gün tertibiniň başynda bolar.

Prezident Erdogan penşenbe güni Pars aýlag syýahatynyň iň soňky duralgasy bolan Omana barar. Soltan Heýsem bin Taryk bilen Muskatda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirer. Ykdysady hyzmatdaşlyk we sebitdäki wakalar hem ara alnyp maslahatlaşylar.

Resmilere görä gün tertipde söwda, energetika, goranyş we täze tehnologiýalarda hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi bilen gyssagly howpsuzlyk meseleleri bolar.