Szinpin ÝB-ni “ynam döretmäge” we “strategik çemeleşmäge çagyrdy”
Hytaýyň döwlet Başlygy Si Szinpin 25-nji ÝB-Hytaý sammitine gatnaşdy.
Uzakly gün dowam etjek möhüm sammitde söwda düşnüşmezliklerinden Russiýa-Ukraina urşuny ýaly ençeme möhüm mesele gün-tertibinde bolar.
Döwlet teleýaýlymy “SSTW-niň” beýan etmegine görä Hytaýyň döwlet Başlygy Si Szinpin penşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň “dogry strategiki pozisiýalary” eýelemelidigini nygtap, global durnuksyzlyk şertlerinde Bileleşigiň ýolbaşçylaryna “ynamy we aragatnaşygy berkitmekleri” üçin çagyryş etdi.
Pekindäki Uly halk zalynda öz işine başlan 25-nji ÝB-Hytaý sammitini açan döwlet Başlygy Szinpin, Hytaýyň we ÝB-niň ýolbaşçylarynyň halklaryň tamasyny ödemelidigini nygtady.
Hytaýyň döwlet Başlygy Szinpin Premýer-ministr Li Sýan bilen bilelikde Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Lýaýen hem-de Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antoniu Kosta bilen duşuşdy.
Szinpin, Lýaýene we Kosta “Halkara şertler nähili agyr we çylşyrymly bolanda-da Hytaý bilen ÝB-niň arasyndaky aragatnaşyk şol derejede ösmeli, özara ynam güýçlendirilmeli we hyzmatdaşlyk hasam çuňlaşdyrylmaly” diýdi.
“Iki taraply bähbide esaslanýan hyzmatdaşlyk”
Gün-tertibinde söwda pudagyndaky deňagramsyzlyk, bazarlara elýeterlilik we seýrek gabat gelýän ýer elementleri ýaly ugurlar bar.
Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula Fon Der Lýaýen sammiti “gatnaşyklarymyzy hem ösdürmek hem-de gaýtadan deňagramlaşdyrmak üçin pursat” hökmünde häsýetlendirdi.
Sammitiniň öňýanynda X hasabyndan habarnama beren Lýaýen; “İki taraply bähbide esaslanýan hyzmatdaşlygyň mümkin boljakdygyna ynanýaryn” diýip ýazdy.
Sammit iki tarapyň diplomatik gatnaşyklaryň 50 ýyllygy mynasybetli geçirilýär. Hytaý bilen ÝB-niň arasynda ýyllyk söwda mukdary 860 milliard dollardan geçýär.