Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin “iň uly ýadro güýç” hökmünde Russiýa bilen ABŞ-nyň halkara howpsuzlyk meselesinde uly jogapkärçilige eýedigini aýtdy.
Kremlden berlen beýannama görä, Putin ABŞ-nyň garaşsyzlyk gününiň 250 ýyllygy mynasibetli şenbe güni ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa gutlag ýüzlenmesini ugratdy.
Putin gutlag ýüzlenmesinde Garaşsyzlyk jarnamasynyň diňe ABŞ-nyň döredilen gününi däl eýsem şol bir wagtda dünýäniň taryhynyň esasy öwrülşik nokatlaryndan birine wekilçilik edýändigini belledi.
Rus lideri Putin Moskwa bilen Waşingtonyň iki jahan urşunda ýaran bolandyklaryny ýatlatdy.
Wladimir Putin ýüzlenmesinde “Iki jahan urşunda ýaran bolupduk. Bilelikde adamzady Faşizmiň gazabyndan halas etdik we döwrebap dünýä ulgamynyň gurulmagynda uly rol oýnadyk. Şu günki günde Russiýa bilen ABŞ iň uly iki ýadro güýç hökmünde halkara derejesinde howpsuzlygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagynda uly jogapkärçilige eýe” diýdi.
Moskwa bilen Waşingtonyň arasynda deň hukuklyga we özara bähbide esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmeginin möhümdigini nygtan Putin, bu başlangyjyň iki ýurt hem-de halkara jemgyýetçiligi taýdan möhümdigine ünsi çekdi.


















