DÜNÝÄ
1 minut okamak
Katar UNRWA 10 million dollarlyk pul kömegini berdi
UNRWA “Şol kömek sebitdäki palestinli bosgunlaryň bilim almagy we saglygy goraýyş hyzmatlary üçin ulanylar “diýdi.
Katar UNRWA 10 million dollarlyk pul kömegini berdi
Katar UNRWA 10 million dollarlyk pul kömegini berdi
7 Oktýabr 2025

Kataryň Galkynyş gaznasy, BMG-nyň Palestinli bosgunlara ýardam gullugy UNRWA sebitdäki palestinli bosgunlar üçin 10 million dollarlyk pul kömegini berendigini mälim etdi.

BMG-nyň duşenbe güni X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda “UNRWA 10 million dollarlyk pul kömegini berendigi üçin Kataryň Galkynyş gaznasyna sag bolsun aýdýarys. Bu goldaw palestinli bosgunlaryň bilim almagy we saglygy goraýyş hyzmatlary ýaly esasy hyzmatlary bermäge dowam etmegimize mümkinçilik berýär”diýildi.

UNRWA Iordaniýanyň, Siriýanyň, Liwanyň, Gazanyň we Gündogar Iýerusalimiň başda durmagynda basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriadaky palestinli bosgunlara bilim we saglygy goraýyş hyzmatlaryny hödürleýär.

UNRWA esasan söweş, açlyk we gabaw sebäpli agyr günleri başdan geçirýän Gaza meselesi boýunça birnäçe gezek duýduryş berdi.

Genosid we gabaw

Ysraýyl 2-nji martdan bäri Gazanyň ähli geçelgelerini ýapyp azyk, derman we ynsanperwer kömeginiň girmegini bökdeýär.

Ysraýyl wagtal-wagtal çäkli mukdarda Gaza ynsanperwer kömeginiň girmegine rugsat bersede, halk açlyk sebäpli agyr günleri başdan geçirýär.

Ysraýyl Gazada häzire çenli esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 67 müňden gowrak palestinliniň ýogalmagyna sebäp boldy.

Gabaw astyndaky sebitiň esasy bölegi harabalyga öwrüldi.

 

 

Öwren
Yrakda parlament saýlawy geçirilýär
Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi