TÜRKIÝE
2 minut okamak
NATO-nyň sammitinden öň Türkiyäniň paýtagty Ankarada täze howa menzili açyldy
Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan täze howa menziliniň, köpriniň we birleşdiriji ýollaryň 7-8-nji iýulda geçiriljek sammite gatnaşýan wekiliýetler üçin gönüden-göni gatnaw mümkinçiligini üpjün etjekdigini aýtdy.
NATO-nyň sammitinden öň Türkiyäniň paýtagty Ankarada täze howa menzili açyldy
NATO-nyň sammitinden öň Türkiyäniň paýtagty Ankarada täze howa menzili açyldy

7-8-nji iýulda Ankarada geçiriljek NATO liderleriniň sammitinden öň, duşenbe güni Ankara howa menzili açyldy. Prezident Rejep Taýýip Erdogan täze ulag gatnawlarynyň sapar bilen geljek wekiliýetler üçin gönüden-göni gatnaw mümkinçiligini üpjün etjekdigini habar berdi.

Ankara howa menziliniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Prezident Erdogan paýtagtyň 7-8-nji iýulda geçiriljek sammite gatnaşmaga taýýarlanýan mahaly, bu taslamalaryň Ankaranyň awiasiýa we ulag infrastrukturasyny güýçlendirjekdigini aýtdy.

Erdogan: “Bölünen awtoýol böleginde ýerleşýän 3 kilometrlik birleşdiriji ýol bilen NATO sammitine gatnaşýan wekiliýetler üçin gönüden-göni aragatnaşyk mümkinçiligini üpjün ederis” diýdi.

Ankara howa menzili paýtagtyň Esenboga howa menzilinden soň içerki we halkara gatnawlaryny amala aşyrýan ikinji howa menzili boldy.

Erdogan howa menziliniň we degişli maýa goýumlarynyň 230 günüň dowamynda "rekord" möhletde tamamlanandygyny aýtdy we 6,5 kilometrlik bölünen awtoýol we 6 kilometrlik bir zolakly ýol bilen birlikde 12,5 kilometrlik birleşdiriji ýoluň gurulandygyny mälim etdi.

Prezident Erdogan taslamalaryň Ankara howa menzilinden şäheriň merkezine çenli uzalyp gidýän 17 kilometrlik güýçli ulag ulgamyny emele getirendigini aýtdy.

Türkiye halkara diplomatiýasynyň merkezine öwrülýär

Prezident Erdogan Türkiyäniň global syýasatdaky abraýynyň artmagy bilen birlikde, Ankaranyň diplomatik işlerdäki pozisiýasynyň hem ýylsaýyn güýçlenýändigini aýtdy.

Erdogan: “Bary-ýogy dört sagatlyk uçar gatnawy bilen 1,5 milliard ilatly 67 ýurduň merkezinde ýerleşýän Türkiye halkara diplomatiýasynyň merkezine öwrülmäge başlady” diýdi.

Erdogan şeýle hem 5-7-nji iýun aralygynda Stambulda geçirilen we 183 ýurtdan 5 müňden gowrak gatnaşyjyny bir ýere jemlän “Nol Zyňyndy” forumy bilen birlikde, Türkiyäniň 2026-njy ýylda geçirjek birnäçe möhüm halkara çarelerine ýer eýeçiligini etjekdigini mälim etdi.

Prezident Erdogan Türkiyäniň oktýabr aýynda 77-nji Halkara Kosmos Kongresine, ondan soň noýabr aýynda Türki Döwletler Guramasynyň 13-nji Liderler Sammitine we Birleşen Milletler Guramasynyň 31-nji Howanyň üýtgemegi boýunça konferensiýasyna ýer eýeçiligini etjekdigini aýtdy.

Esenboga baýramçylyk möwsüminde Türkiyäniň iň işjeň 4-nji howa menzili boldy

Erdogan 9 günlük baýramçylyk günleri döwründe ähli howa menzillerinde jemi 51 müň 962 uçaryň gatnawynyň amala aşyrylandygyny we 7,6 million ýolagça hyzmat edilendigini aýtdy.

Prezident Erdogan: “Esenboga howa menzili 2557 uçar gatnawy we 382 müň ýolagçy bilen ýurdumyzdaky iň işjeň dördünji howa menzili boldy. Ýigrimi ýyl mundan ozal Esenboga howa menzili ýylda 3 million ýolagça hyzmat edýärdi; häzirki wagtda ýylda takmynan 15 million ýolagça hyzmat edýär” diýdi.

Erdogan Ankara howa menziliniň açylmagynyň Esenboga howa menziliniň ugrunda howa we ýol gatnawyny ýeňilleşdirmäge kömek etjekdigini beýan etdi.

Erdoganyň uçary dabaradan öň Ankara howa menzilinde suwly çare bilen garşylandy.

Prezident Erdogan doga-dileg edileninden soň, Ankara howa menzilini, Paýtagt awiasiýa köprüsini we onuň birleşdiriji ýollaryny resmi taýdan açdy.