Tramp Putiniň urşy bes etmek isleýändigini beýan edýär

ABŞ-nyň Prezidenti Witkoffyň we Kuşneriň Putin bilen “ýeterlik derejede netijeli” gepleşikler geçirendigini beýan edýän bolsa, Kreml henizem başlangyç talaplarynda “ylalaşylmandygyny” duýdurýar.

By
Tramp Putiniň urşy bes etmek isleýändigini beýan edýär / Reuters

Waşington üýtgetmeler girizen taslama ýaraşyk meýilnamasy boýunça gysyşlaryny dowam etdirýän bolsa, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak Tamda žurnalistlere Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainadaky “urşy gutarmak isleýändigini” beýan etdi.

Tramp sişenbe gije Moskwada Putin bilen gepleşikler geçiren ABŞ-nyň ýörite ilçisi Stiw Witkoff we körekeni hem-de geňeşçisi Žared Kuşner bilen duşuşandygyny beýan edip, “Prezident Putin bilen iňňän netijeli gepleşik geçirendigini aýdasym gelýär. Görelin bakaly. Şol maslahatdan nähili netijäniň çykjakdygyny size aýdyp bilmerin” diýdi.

Tramp Russiýanyň çaknyşygy bes etmek üçin “güýçli” ylalaşyk isleýandigini aýdyp, MOskwadaky gepleşikleri “iňňän netijeli maslahat” diýip häsýetlendirdi we “Maslahatyň netijelerini kepillendirip bilmerin, sebäbi tango üçin iki adam gerek” diýdi.

“Ylalaşyk ýok”

Witkoff we Kuşner ylalaşyk hakynda haýsydyr bir netijäniň alynandygyny beýan etmedik hem bolsalar, gepleşiklerini çarşenbe güni säher çağyna çenli dowam etdirdi.

Kreml territorial egilşikler we Moskwanyň henizem “esasy” alada hökmünde kabul edýän Ukrainanyň NATO agzalygy ýaly özleri üçin möhüm bolan meselelerde haýsydyr bir “ylalaşyga” gelinmändigini beýan etdi.

Ak Tam Ýewropanyň 2-nji Jahan urşundan bäri başdan geçirýän iň agyr çaknyşygy diýip häsýetlendirýäň ýagdaýyny ortadan aýyrmak hakynda meýilnamasyndan gowy netijelere garaşýar.

Emma Moskwa goşmaçalar girizilen meýilnamanyň käbir şertlerini “kabul edilmesiz” hasap edýändigi sebäpli çarşenbe şol ýagşyny ýetli tamalar azalmaga başlady.

Gepleşiklere gatnaşan Putiniň daşary syýasat boýunça geňeşçisi Ýuri Uşakow soňky hepdelerde rus güýçleriniň gazanan üstünlikleriniň gepleşikleriň ugruny kesgitleýändigini nygtap, žurnalistlere; “Soňky hepdelerde rus goşunynyň söweş meýdanyndaky üstünlikleri gepleşikleriň barşyna we mazmunyna oňyn täsir etdi. Esgerlerimiziň harby üstünlikleriniň saýasynda daşary ýurtly ýaranlarymyzyň parahatçylyk ýollary boýunça analizlerini oňyn tarapa üýtgetmäge goşant goşduk” diýip, beýanat berdi.