TÜRKIÝE
1 minut okamak
Erdogan, Trampyň Gazadaky ýaraşyk başlangyjy barada öwgüli sözler aýtdy
Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Ankaranyň ähli taraplar tarapyndan kabul ediljek adalatly we hemişelik parahatçylygy ýola goýmak işine goşant goşjakdygyny aýtdy.
Erdogan, Trampyň Gazadaky ýaraşyk başlangyjy barada öwgüli sözler aýtdy
Erdogan we Tramp
30 Sentýabr 2025

Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýyip Erdogan Donald Trampyň gabaw astyndaky Gazada atyşygy bes etmek baradaky tagallalaryna ýokary baha berdi.

Erdogan: "ABŞ-nyň prezidenti Trampyň Gazadaky gan döküşligi bes etmek we ot açyşlygy bes etmek ugrundaky tagallalaryna we ýolbaşçylaryna ýokary baha berýärin. Türkiye hökmünde ähli taraplar üçin kabul edilip bilinjek adalatly we hemişelik parahatçylygy ýola goýmak işine goşant goşarys" diýdi.

Bu beýanat, Tramp Waşingtonda Netanýahu bilen geçiren metbugat ýygnagynda Gazanyň ýaraşyk meýilnamasynyň esasy nokatlaryny beýan edeninden soň berildi.

Teklip ysraýylly tussaglarynyň boşadylmagyny we Hamasyň ýaragsyzlanmagyny öz içine alýar.

Tramp metbugat ýygnagynda Ysraýylyň lideriniň "bir Palestina döwletine aç-açan garşydygyny" belledi we "oňa düşünýändigini" aýtdy.

Ysraýyl gabaw astynda bolan Gazada häzirki wagta çenli aglabasy zenanlardan we çagalardan ybarat 66000-den gowrak palestinalyny öldürdi.

Gazanyň köp bölegini harabalyga öwüren Ysraýyl tutuş ilaty diýen ýaly göçürdi.