SYÝASAT
1 minut okamak
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň saýlawçylary täze prezidentini saýlamak üçin ses bermäge başlady.
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
19 Oktýabr 2025

DKTR-nyň raýatlary prezident saýlawynyň birinji tapgyry üçin şu gün irden ses bermäge başlady.

DKTR-nyň saýlawçylary şu gün irden sagat 08.00-da halkara wagt boýunça sagat 05.00-da ses bermäge başlady.

Ýurduň çar tarapyndan 777 saýlaw merkezinde başlan prezident saýlawy sagat 18-00-a çenli dowam eder.

Saýlawda bellige alynan 218 müň 313 saýlawçy ses berer.

DKTR-nyň prezidentligi üçin häzirki prezident Ersin Tatar garaşsyz dalaşgär hökmünde, oppozisiadaky Jemhuriýetçi Türk partiýasynyň lideri Tufan Erhürman bilen birlikde Mehmet Hasgüler, Arif Salih Kyrdag, Ahmed Boran, İbrahim Ýazyjy we Osman Zorba bäsleşýär.

Dalaşgärlerden Hüseýin Gürlek şenbe güni beren beýannamasynda dalaşgärlikden çekildi we Ersin Tatara goldaw berýändigini mälim etdi.

Saýlawyň birinji tapgyrynda 50 göterimden has köp ses alan dalaşgär prezidentlige saýlanar.

Dalaşgärler ýeterlik ses alman halatynda iň köp ses alan iki dalaşgär, 7 gün soň geçiriljek saýlawyň ikinji tapgyrynda bäsleşer.

Ikinji tapgyrda iň köp ses alan dalaşgär DKTR-nyň täze prezidenti bolar.

 

 

 

 

Öwren
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär
Hamas ysraýylly ýesirleri boşatmaga başlady