Hindistan bilen Birleşen Arap Emirlikleri suwuklandyrlan tebigy gaz şertnamasyny baglaşdy
3 milliard dollarlyk suwuklandyrlan tebigy gaz şertnamasyny baglaşan Hindistan bilen Birleşen Arap Emirlikleri söwda we goranyş senagaty boýunça edýän gatnaşyklaryny güýçlendirer.
Hindistan Birleşen Arap Emirlikleri bilen 3 milliard dollarlyk suwuklandyrlan tebigy gaz şertnamasyny baglaşdy. Hindistan şeýlelikde BAE-den suwuklandyrlan gaz satyn alýan esasy ýurtlardan biri bolar.
BAE-niň döwlet Ýolbaşçysy Şyh Muhammed bin Zaýed Al Nahýanyň Hindistana guran 2 sagatlyk gysga saparynyň çäginde möhüm şertnamalara gol çekişildi.
Al Nahýan duşenbe güni Hindistana guran saparynyň çäginde Premýer-ministr Narendra Modi bilen duşuşdy.
Iki lider duşuşykda özara söwda mukdaryny 6 ýylda 200 milliard dollara ýetirmegi wada berdi.
Al Nahýan bilen Modi strategik goranyş hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy boýunça ylalaşyk gazandy.
Abu Dabiniň ADNOS gaz firmasy Hindistanyň Hindustan Petroleum firmasyna 10 ýylyň dowamynda ýylda 0,5 million metrk tonna suwuklandyrlan gaz satar.
Şertnamanyň gymmatynyň 20 milliard dollara barabar bolandygyny mälim eden ADNOS Gaz firmasy “Hindistan şeýlelikde BAE-den suwuklandyrlan gaz satyn alýan esasy ýurtlardan biri boldy”diýdi.
Strategik goranyş hyzmatdaşlygy
BAE Hindistanyň iň uly üçünji söwda hyzmatdaşy. Şyh Muhammed Hindistana Goranmak we Daşary işler ministri bilen birlikde uly wekiliýet bilen sapar gurady.
Hindistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wikram Misri metbugata beren beýannamasynda, strategik goranyş hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy üçin ýagşy niýet teswirnamasyna gol çekişendiklerini aýtdy.
Hindistanyň esasy bäsdeşi we goňşusy Pakistan, geçen ýyl Saud Arabystany bilen goranyş şertnamasyna gol çekişipdi.
Pakistanly ministr geçen hepde Pakistanyň, Türkiýäniň we Saud Arabystanynyň üç taraplaýyn goranyş hyzmatdaşlygy şertnamasyny taýarlaýandygyny mälim etdi.
Iki ýakyn hyzmatdaş Saud Arabystany bilen BAE soňky döwürde sebitara syýasatlar boýunça düşnüşip bilmeýär.
Bu düşnüşmezlik ilki Ýemende ýüze çykdy we iki ýurt nebit önümçiligi meselesinde ylalaşyk gazanyp bilmedi.