Gazada 650 müňden gowrak çaga 3 ýyldan bäri mekdebe gidip bilmeýär
DÜNÝÄ
1 minut okamak
Gazada 650 müňden gowrak çaga 3 ýyldan bäri mekdebe gidip bilmeýärUNRWA, Ysraýylyň Gazada 2 ýyl dowam etdiren söweşinden soň, mekdepleriň gaýtadan açylmagynyň sebitdäki çagalar üçin diýseň möhümdigine ünsi çekdi.
Gazada 650 müňden gowrak çaga 3 ýyldan bäri mekdebe gidip bilmeýär / Reuters

BMG-nyň Palestinli çagalara ýardam gullugy UNRWA, penşenbe güni beren beýannamada, Gazada 650 müňden gowrak çaganyň 3 ýyldan bäri bilim almak hukugyndan mahrumdygyny mälim etdi.

UNRWA X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Gazada çagalar yzly-yzyna 3 ýyldan bäri mekdebe gidip bilmeýär, 660 müňe golaý çaga üçin mekdepleriň açylmagy diňe bilim almak däl, eýsem şol bir wagtda çuňňur psihiki şikeslerinden saplanmak manysyny aňladýar”diýildi.

UNRWA, Gazadaky iň uly ynsanperwer kömek guramasy hökmünde şol çagalara goldaw bermäge taýardygyny mälim etdi.

UNRWA-nyň Daşarky gatnaşyklardan jogapkär ýolbaşçysy Tamara Alrifa, “UNRWA ilkinji nobatda çagalaryň bilim almaga başlamagyny isleýär” diýdi.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri guran hüjümlerinde esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 68 müňden gowrak palestinli ýogaldy, Gazanyň esasy bölegi harabalyga öwrüldi.

BMG-nyň Ynsanperwer kömek işlerini utgaşdyryş gullugy OCHA-görä hüjümler sebäpli Gazadaky mekdepleriň 97 göterimi dolulygyna ýykyldy.

Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda geçen hepde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan hödürlenen meýilnamanyň çäginde ylalaşyk gazanylypdy.

Meýilnamanyň birinji tapgyry Ysraýylly ýesirleriň we Palestinli tussaglylaryň boşadylmagyny öz içine alýar.

Meýilnamanyň ikinji tapgyrynyň çäginde Gazanyň täzeden dikeldilmegi we täze dolanşyk ulgamynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar.

Öwren
Ukrainanyň Russiýa guran hüjümlerinde 2 adam ýogaldy, 12 adam ýaralandy
Berlinde ulag  ýöriş geçirýän märekäniň içinden geçdi
Eýran, Hazar deňzindäki söwda gämisine guralan hüjüm bilen bagly Ukrainany günäkärleýär
Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerinde 7 adam ýogaldy
Eýranyň Mejlisiniň başlygy: “Ysraýyl musulman ýurtlarynyň esasy duşmany”
Ukraina degişli dronlar Sankt-Peterburgyň golaýyndaky ammary nyşana aldy
Russiýa Ukrainada 3 porta hüjüm gurandygyny habar berdi
Russiýanyň Leningrad sebitindäki Wildberries ammaryna UHU hüjüminde üç adam ýaralandy
Ysraýylyň goşuny Gazadaky käbir öýleri howa hüjümleri bilen nyşana aldy
ABŞ-nyň goşuny Eýrandaky harby nyşanalara täze hüjümler gurady
Ukrainanyň lideri: "Russiýanyň Pawlograda guran hüjüminde üç adam öldi" diýdi
Pakistanda we Hindistanda aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli ýogalanlaryň sany artýar
Ýemendäki Husiler Gyzyl deňizde Saud Arabystanyna degişli tankerlere hüjüm gurady
Eýranyň Huzistan welaýatynda ABŞ-nyň raketa hüjümlerinde iki adam ýogaldy
ABŞ-nyň Eýranda B-1 harby uçarlaryny gaýtadan ulanmaga başlandygy öňe sürüldi
Ysraýylyň Gaza hüjümlerinde soňky 24 sagatda 12 adam ýogaldy
ABŞ bilen Ysraýylyň Minab şäherinde mekdebe guran hüjüminde ýogalan 32 çaga soňky ýoluna ugradyldy
Russiýanyň günortasyndaky Wildberries logistika merkezlerine UHU-lar bilen hüjümler guraldy
Eýran ABŞ-nyň ýadro desgalaryny nyşana alsa, sebitleýin hüjümleri amala aşyrjakdygyny duýdurdy
ASEAN dartgynlyklaryň möwjeýän günlerinde jebislik çagyryşyny berdi