DÜNÝÄ
1 minut okamak
Halapda SDG tarapyndan guralan terrorçylykly hüjümde siriýaly 2 esger ýogaldy
Siriýanyň Goranmak ministrligi, SDG-nyň asuda ilata we esgerlere garşy guraýan hüjümleriniň artýandygyny habar berdi.
Halapda SDG tarapyndan guralan terrorçylykly hüjümde siriýaly 2 esger ýogaldy
Halapda SDG tarapyndan guralan terrorçylykly hüjümde siriýaly 2 esger ýogaldy
26 Sentýabr 2025

Siriýanyň SANA habarlar gullugy, Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Halap şäheriniň Deýr Hafir etrapçasynda terror guramasy SDG tarapyndan guralan hüjümde iki esgeriň ýogalandygyny mälim etdi.

Siriýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, SDG-nyň soňky döwürde Halabyň gündogaryndaky obalary nyşana alýandygy, şol hüjümlerde asuda ilata we esgerlere uly zeper ýetirlendigi nygtaldy.

SDG, PKK-nyň Siriýadaky bölegi bolan terror guramasy ÝPG-nyň çäginde iş alyp barýar.

Türkiýe, ABŞ we ÝB PKK-ny terror guramasy hökmünde kabul edýär.

Siriýada 25 ýyl häkimiýetiň başynda bolan Başar Asadyň 2024-nji ýylyň ahyrynda Russiýa gaçyp gitmeginden soň ýurduň syýasy taýdan has möhüm döwri başdan geçirýän günlerinde hüjümleriň artmagy ünsleri özüne çekýär.

Siriýanyň Prezidentligi 10-njy martda SDG-niň döwlete utgaşyklygy boýunça şertnama baglaşylandygyny habar beripdi.

Beýannamada, Siriýanyň territorial bitewiligine üns çekildi we ekstremizme garşy durulýandygy nygtaldy.

Emma Deýr Hafiirde guralan hüjümler, ýurduň durnuklylygyna zeper ýetirýär.

Goranmak ministrligi, howpsuzlyk güýçleriniň SDG-nyň hüjümlerine degişli gaýtawuly görkezendigini mälim etdi we şuňa meňzeş hüjümleriň artmagynyň sebitde durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin edilýän tagallalara zeper ýetirjekdigi barada duýduryş berdi.

Goranmak ministrligi, halkara aktýorlara PKK bilen arabaglanşykly guramalara goldaw bermezlikleri üçin çagyryş berdi.

 

 

ÇEŞME:TRT
Öwren
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi
Ysraýyl Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini artdyrýar
Britaniýada 25 müňden gowrak adam Ysraýylyň halkara futboldan çetleşdirilmegine goldaw berdi
Nýu-Ýorkuň taryhyna adyny ýazdyran ýaş musulman dalaşgär: Zohran Mamdani
Ghazala Haşmi ABŞ-da ştat derejesindäki wezipä saýlanan ilkinji musulman amerikaly zenan boldy
Bosniýada garrylar öýünde bolan ýangynda 10 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy