TÜRKIÝE
1 minut okamak
Daşary işler ministri Hakan Fidan ABŞ-da saparda bolar
Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan ABŞ-da saparda bolar
Daşary işler ministri Hakan Fidan ABŞ-da saparda bolar
Daşary işler ministri Hakan Fidan ABŞ-da saparda bolar / Reuters
10 Noýabr 2025

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan şu gün ABŞ-na gider.

Anadoly habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Fidanyň iş saparynyň çäginde özara we sebitara meseleler seljerler.

Hakan Fidan soňky gezek BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 80-njy sessiýasynyň çäginde sentýabr aýynda Prezident R. T. Erdogan bilen birlikde ABŞ-da saparda bolupdy.

Daşary işler ministri Hakan Fidan mart aýynda Waşingtona guran iki günlük resmi saparynyň çäginde amerikaly ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen gepleşik geçiripdi.

Gepleşiklerde Siriýadaky syýasy ýagdaý, Türkiýäniň sebitde durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin edýän tagallalary we Gazada başdan geçirilýän adamzat pajygasy meselesi gün tertibine getirlipdi.

Fidan saparynyň çäginde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen duşuşyk geçiripdi.

 

 

 

 

ÇEŞME:TRT