Türkiyäniň UEFA Çempionlar ligasyndaky ýeke-täk wekili bolan Galatasaraý, ligadaky ikinji duşuşygynda Stambulda iňlis futbol topary bolan Liwerpula garşy ajaýyp ýeňiş gazandy.
Çekeleşikli geçen oýunda Galatasaraý 16-njy minutda hüjümçi Wiktor Osimhen jerime urgusyny urup, gol geçirmegiň we duşuşygy şol hasap bilen tamamlamagyň hötdesinden geldi.
Galatasaraý toparynyň derwezebany Ugurjan Çakyr bilen birlikde esasan hem Ismail Ýakobs we Wilfred Singo ýaly goragçylar örän tapawutlandy. Galatasaraýyň nigeriýaly super ýyldyzy Wiktor Osimhen şikes alandan soň başlan ilkinji oýnunda gol salmagy başardy.
Bu netije bilen Galatasaraý 36 toparlyk liganyň ortasyna çenli ýokarlady we iň gowy 8 topar üçin umyt baglady.
Galatasaraý toparynyň janköýerleri, oýunda gabaw astynda bolan Gazadaky we basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriýadaky palestinalylara raýdaşlyk görkezdiler.
Rams Prak stadionynda “Gazada adamzat wyždanyny ýitirdi”, “Palestina genosidi”, “Palestina Azatlyk” we “Palestinaly bäbekler ýaşasyn” ýazylan plakatlar ünsleri özüne çekdi.
Galatasaraý Çempionlar ligadaky nobatdaky duşuşygyny Norwegiýanyň wekili Bode-Glimt bilen 22-nji oktýabrda oýnar, liganyň faworitleriniň biri bolan Liwerpul bolsa şol gün Germaniýanyň Aýntraht Frankfurt topary bilen oýnar.