Katar: “Eýran hüjümleriniň jerimesini çekmeli” diýdi

Katar Eýran tarapyndan guralýan raketa we dron hüjümleriniň öňüni almaga dowam edýär, beýleki tarapdan resmiler hüjümlere degişli gaýtawulyň görkeziljekdigi barada duýduryş berdi.

By
Katar: “Eýran hüjümleriniň jerimesini çekmeli” diýdi / Reuters

Eýranyň Aýlag ýurtlaryna guraýan hüjümleri sebäpli sebitde dartgynlyk möwjeýär.

Katar Eýranyň Aýlag ýurtlaryny nyşana alýan hüjümleriniň jerimesini çekmelidigini mälim etdi.

 Resmi Doha topraklaryna we halkyna guralýan hüjümlere degişli gaýtawulyň görkeziljekdigi barada duýduryş berdi.

Duşenbe güni JNN-e beýannama beren Kataryň Daşary işler ministriniň orunbasary Mejid al-Ensari, Eýranyň Katara guraýan hüjümlerini “jogapkärçiliksiz” hökmünde häsiýetlendirdi.

“Hüjümler sebäpli Eýran jerimesini çekmeli” diýen al-Ensari, Eýranyň Katary nyşana alýan hüjümlerine degişli gaýtawulyň görkeziljekdigini belledi.

Daşary işler ministrligine görä, Eýran Kataryň halkara howa menzili bilen birlikde infrastrukturany we beýleki söwda desgalaryny nyşana aldy.

Al-Ensari Kataryň Eýran tarapyndan guralan 100-den gowrak raketa we onlarça dron hüjüminiň öňüni alandygyny ýatlatdy.

Katar howa goranyş ulgamlarynyň we harby uçarlaryň esasy önümçilik desgalaryny we infrastrukturany goramagy üçin degişli çäreleriň görlendigini we Eýran tarapyndan guralan raketa we dron hüjümleriniň öňüniň alynandygyny mälim etdi.

Al-Ensari Dohanyň ünsüniň halkyny we önümçilik desgalaryny goramaga gönügendigini we Tähran bilen diplomatiýa taýdan aragatnaşyk saklamakdan gaça durýandygyny aýtdy.