DÜNÝÄ
1 minut okamak
Kreml: ABŞ bilen Ukraina boýunça geçirlen gepleşikler peýdaly, emma uly gapma-garşylyklar bar
Putin Moskwada ABŞ-nyň wekili Stiw Witkoff we prezidentiň geňeşçisi Jared Kuşner bilen bäş sagatlyk duşuşyk geçirdi. Duşuşykda täzeden düzgünleşdirlen parahatçylyk meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Kreml: ABŞ bilen Ukraina boýunça geçirlen gepleşikler peýdaly, emma uly gapma-garşylyklar bar
Russiýa
3 Dekabr 2025

Kreml prezident Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň wekiliýetiniň arasynda Ukraina boýunça geçirilen gepleşikleriň "peýdaly" bolandygyny aýtdy, ýöne islendik ylalaşyga gelmezden öň "köp işiň" gerekdigi barada duýduryş berdi.

Putin ABŞ-nyň wekili Stiw Witkoff we prezident Donald Trampyň geňeşçisi we giýewisi Jared Kuşner bilen Moskwada duşuşyp, dört ýyla golaý dowam eden urşy bes etmäge gönükdirilen ABŞ-nyň täzeden düzgünleşdirlen meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdy.

Rus metbugatynyň habaryna görä, duşuşyk bäş sagada golaý dowam etdi.

Gepleşiklere gatnaşan daşary syýasat boýunça geňeşçi Kirill Dmitriýew gepleşikleri "netijeli" diýip atlandyrdy.

Başga bir ýokary derejeli kömekçi Ýuriý Uşakow duşuşygyň "konstruktiw, örän peýdaly we manyly" bolandygyny aýtdy.