Polşa Russiýanyň Ukrainanyň günbataryna guraýan hüjümleri sebäpli iki howa menzilini ýapdy

Polşa ýurduň günorta gündogarynda ýerleşýän Rzeszow we Lubin howa menzillerini wagtlaýyn ýapdy.

By
Polşa Russiýanyň Ukrainanyň günbataryna guraýan hüjümleri sebäpli iki howa menzilini ýapdy / AP

Polşa Russiýanyň Ukrainanyň günbatarynda Polşa serhedine golaý ýerlere guran hüjümleri sebäpli howa giňişliginiň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin Polşa we ýaranlaryna degişli uçarlaryň ornaşdyrlandygyny habar berdi.

Çarşenbe güni X sosial media paltformasy arkaly berlen habarnamada “howa goranyş we radar ulgamlary taýarlyk derejesine göterildi” diýildi.

Halkara wagt boýunça 04.0da Ukrainanyň Howa güýçlerine Russiýanyň raketa we dron hüjümlerine garşy duýduryşyň berlendigi we ähli howa menzillerinde degişli çäreleriň görlendigi bellenildi.

Polşanyň howa güýçleri hem ýurduň günorta gündogarynda ýerleşýän Rzeszow we Lubin howa menzilleriniň wagtlaýyn ýapylandygyny mälim etdi.

Mesele hakynda berlen beýannamada “Howa giňişliginiň uçuş azatlygynyň ýola goýulmagy maksady bilen Rzeszow we Lubin howa menzilleri wagtlaýyn ýapyldy” diýildi.