SYÝASAT
1 minut okamak
Ysraýylyň Gazadaky açlyk syýasaty sebäpli palestinli ýene-de bir çaga ýogaldy
Ysraýylyň harby hüjümleri we gabawy sebäpli Gazada 2 ýaşyndaky çaga açlyk sebäpli ýogaldy.
Ysraýylyň Gazadaky açlyk syýasaty sebäpli palestinli ýene-de bir çaga ýogaldy
1 Awgust 2025

Gazadaky ýerli ýolbaşçylar, Ysraýylyň gabawy we harby hüjümleri sebäpli sebitde şertleriň gün saýyn agyrlaşýandygyny, 2 ýaşyndaky çaganyň iýmit ýetmezçiligi sebäpli ýogalandygyny mälim etdi.

Han Ýunusdaky Nasyr hassahanasynyň lukmanlary, Ahmed Samir Abdül Aal atly çaganyň aradan çykandygyny mälim etdi. Ýaşyna görä agramy 12 kilogram bolmaly çaganyň aradan çykan mahaly agramynyň 8 kilogramdygy anyklandy.

Ahmed bilen maşgalasy, Ysraýylyň çäklendirmeleri sebäpli azyk mahrum edilen Han Ýunusyň günbatarynda ýerleşýän Al Mewasy etrapçasyndaky çadyra ornaşmak üçin Rafahdan gaçypdy.

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginiň görkezijilerine görä, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň  7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde 91-i çaga azyndan 160 palestinli azyk ýetmezçiligi sebäpli aradan çykdy.

Gazada genosid

BMG-nyň Bütin dünýä azyk maksatnamasu, Gazada her üç adamdan biriniň birnäçe günden bäri nahar iýmeýändigini mälim etdi.

Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 60 müň 200 adamdan geçdi. Bombaly hüjümler sebitde uly ýykylşyga sebäp boldy.

Ysraýylyň BT selem we Adam hukuklary üçin ysraýylly lukmanlar jemgyýeti duşenbe güni palestin halkynyň ulgamlaýyn ýok edilýändigi we saglygy goraýyş ulgamynyň bilkastlaýyn hatardan çykarylýandygy sebäpli Ysraýyly genosid etmekde günäkärledi.

Halkara Jenaýat kazyýety noýabr aýynda Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu we ozalky Goranmak ministri Ýoaw Gallandyň Gazada edýän harby jenaýatlary sebäpli tussag edilmegi barada karar kabul edipdi.

Halkara Adalat diwanynda hem Ysraýyl hakynda genosid işi gozgaldy.

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär