TÜRKIÝE
1 minut okamak
MHG-nyň ýolbaşçysy Kalyn Siriýanyň Daşary işler ministri Şaýbani bilen duşuşdy
Milli Howpsuzlyk Guramasynyň (MHG) ýolbaşçysy Ibrahim Kalyn Ankarada Siriýanyň Daşary işler ministri Assad Hasan Şaýbani bilen duşuşdy.
MHG-nyň ýolbaşçysy Kalyn Siriýanyň Daşary işler ministri Şaýbani bilen duşuşdy
MHG-nyň ýolbaşçysy Kalyn Siriýanyň Daşary işler ministri Şaýbani bilen duşuşdy

Howpsuzlyk çeşmelerinden alnan maglumatlara görä, MHG-nyň ýolbaşçysy Kalyn Ankara şäherinde Siriýanyň Daşary işler ministri Şaýbani bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkiýe-Siriýa gatnaşyklary, özara hyzmatdaşlyk ugurlary, goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklar we sebitiň durnuklylygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň barşynda "SDG-iň (Siriýanyň Demokratik Güýçleri) dargadylmagyndan soňky utgaşyklyk tapgyry " seljerilidi we DAEŞ (ISIS) ýaly terror guramalaryna garşy göreşde utgaşyklygy dowam etdirmekligiň ähmiýetine üns çekildi.

Şeýle hem duşuşykda Ysraýylyň Siriýanyň günortasynda dowam etdirýän hüjümleri barada durlup geçildi; ABŞ-nyň Siriýa garşy girizen sanksiýalarynyň bes edilmeginiň netijeleri we onuň Siriýanyň harby goranyş ukyplaryna güýçlendirmäge goşjak goşandy ara alnyp maslahatlaşyldy.