ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp şenbe güni Waşingtonyň Wenesuela garşy giň gerimli hüjüm gurandygyny we Prezident Nikolas Maduro bilen aýalynyň tussag edilendigini we ýurtdan çykarlandygyny aýtdy.
Prezident Tramp, Trut Sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “ABŞ Wensuela we liderlerine, Prezident Nikolas Madura garşy giň gerimli hüjüm gurady. Maduro we aýaly tussag edildi we ýurtdan çykaryldy” diýdi.
Tramp hüjümiň ABŞ-nyň ýaragly güýçleri bilen utgaşykly ýagdaýda guralandygyny aýtdy.
Maduro ABŞ-nyň gözegçiliginde
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Landau, Maduronyň adalatyň öňünde jerimesini çekjekdigini aýtdy.
Landau X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Wenesuela üçin täze döwür başlady. Zalym giti. Ol adalatyň öňünde jerimesini çeker” diýdi.
Maduronyň neşe söwdasyny edýänler bilen arabaglanşygynyň bardygyny öňe süren ABŞ, birnäçe aý dowam eden dartgynlykdan soň Wenesuela garşy hüjüm gurady.
JBS Nýus, ýolbaşçylara esaslanýan habarynda Madurony tussag etmek üçin geçirlen operasiýanyň ABŞ-nyň harby goşunynyň ýörite desant topary Delta Fors tarapyndan gönükdirlendigini habar berdi.
Beýleki tarapdan Wenesuelanyň Wise-prezidenti Rodriges, Maduronyň ýaşaýandygyny görkezýän subutnama talap etdi.









