TÜRKIÝE
1 minut okamak
Erdogan Arap-Yslam sammitine gatnaşar
Katar geçen hepde Ysraýyl tarapyndan Dohada Hamasyň liderlerini nyşana alan hüjümden soň sammitiň geçirilmegi üçin çagyryş beripdi.
Erdogan Arap-Yslam sammitine gatnaşar

Prezident R. T. Erdogan Katarda saparda bolýar.

Erdogan saparynyň çäginde geçen hepde Ysraýylyň Doha guran hüjüminden soň nobatdan daşary ýagdaýda geçirilýän Arap-Yslam sammitine gatnaşar.

Prezident Erdogana saparynyň çäginde aýaly Emine Erdogan, Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn, Prezidentiň howpsuzlyk boýunça kömekçisi Akif Çagataý Kylyç, Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran bilen Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary Halit Ýerebakan ýoldaşlyk edýär.

Dohada geçiriljek Arap-Yslam sammitine sebitde ýerleşýän ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary gatnaşar.

Katar geçen hepde Ysraýylyň Hamasyň liderlerini nyşana alan we Hamasyň ýokary derejeli 5 ýolbaşçysy bilen kataryň howpsuzlyk güýçlerinden 1 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümden soň Arap-Yslam sammitiniň geçirilmegi üçin çagyryş beripdi.

Kataryň Premýer-ministri we Daşary işler ministri Şyh Muhammed bin Abdurrahman Al Sani ýekşenbe güni beren beýannamasynda “Halkara jemgyýetçiligi iki ýüzli çemeleşmesinden ýüz öwürmeli we Ysraýyl eden etmişleri sebäpli jezalandyrylmaly” diýdi.

Al Sani “Şol ulgam, Katar, Liwan, Yrak, Eýran we Ýemen bilen birlikde musulman ýurtlaryna hüjüm etdi. İsleýşi ýaly hereket edýär. Gynansakda ABŞ bilen Ýewropa ýurtlary şol aksiýalara goldaw berýär” diýdi.

Katar, ABŞ we Müsür bilen birlikde Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gazada guraýan we 65 müň palestinliniň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümleriniň bes edilmegini maksat edinýän gepleşiklere töwellaçylyk edýär.

 

 

 

Öwren
Türkiýe-Ermenistan gatnaşyklary kadalaşar
Bosfor bogazyndan üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde 9 müň 195 gämi geçdi
Pakistanda guralan terrorçylykly hüjüm berk ýazgaryldy
Hantawirus gämisindäki 3 türk Türkiýä getirilýär
Hakan Fidan Hamasly wekiliýet bilen duşuşdy
Türkiýe Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda yzygiderli ylalaşygyň gazanylmagy üçin çagyryş etdi
Türkiýe-Saud Arabystany Utgaşdyryjy Geňeşiniň Üçünji Mejlisi Geçirildi
Stambulda SAHA 2026 Goranyş we awiasiýa sergisi açyldy
Tehniki näsazlyk sebäpli uçary Ankarada gyssagly gonan Sançes Türkiyeden gitdi
Prezident Erdogan Zeýdiniň Yrak hökümetini gurmak üçin bellenmeginden hoşaldygyny aýtdy
Türk we Grek daşary işler ministrleri Ysraýylyň Gaza barýan flotiliýa hüjümini maslahatlaşdylar
Türkiýe Ysraýylyň Gaza kömek flotiliýasyna çäre görmegini "garakçylyk" hökmünde häsýetlendirdi
Wise-prezident Ýylmaz: Türkiye global näbellilik döwründe maýa goýum gurşawyny güýçlendirýär
Prezident Erdogan agşam naharynda guralan hüjüm synanyşygyndan soňra Trampa raýdaşlyk bildirdi
Fidan eýranly we pakistanly kärdeşleri bilen ABŞ-Eýran gepleşiklerini ara alyp maslahatlaşdy
Prezident Erdogan Çanakgala gury ýer söweşleriniň 111-nji ýylyny hatyralap geçdi
Prezidentiň 7-nji halkara ýahta ýaryşlarynda Milli özygtyýarlyk kubogy başlady
Erdogan: “Çagalar urşuň we basyşyň jerimesini çekmeli däl”
Erdogan Ştaýnmaýere sebitdäki uruşlaryň Ýewropany ejizledýändigini aýtdy
Ulaglar ministri: Türkiýede uçar ýangyjy ýetmezçiligi ýok