Parlament dargadylýar, Singapur saýlawlara tarap barýar
Singapurda üç aýyň dowamynda umumy saýlawlar geçirler. Saýlawlar Premýer-ministr Lourens Wong üçin ykdysady kynçylyklar we üýtgeýän syýasy dinamikalar sebäpli uly synag bolar.
Hökümetiň resmi gazetinde berlen habara görä, Singapuryň parlamenti sişenbe güni parlamentiň işiniň bes etdi we üç aýda umumy saýlawlaryň geçiriljekdigini mälim etdi.
Bu saýlaw 2024-nji ýylyň maý aýynda uzak ýyllardan bäri Halkyň hereketi partiýasyna ýolbaşçylyk eden Premýer-ministr Hsiena Lungadan wezipäni kabul edip alan Lourens Wong üçin ilkinji saýlaw synagy bolar.
PAP, 1965-nji ýyldaky garaşsyzlykdan soň geçirlen her saýlawda bolşy ýaly bu saýlawda hem uly üstünlik gazanmagyna garaşmak bilen birlikde 2020-njy ýyldaky saýlawdan soň başdan geçirlen wakalar we ykdysady şertler sebäpli partiýanyň aljak sesi bilen ýakyndan gyzyklanýar.
Saýlawlar, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň gümrük salgytlaryny artdyrmagy sebäpli ykdysady taýdan ynjyk döwrüň başdan geçirilýän günlerinde geçirler. Singapur ozal 2025-nji ýyl üçin ösüş çaklamasyny 1-3 göterim hökmünde beýan edipdi. Hökümet tarapyndan duşenbe güni berlen beýannamada, ösüş çaklamasy 0-2 göterime çenli aşakladyldy.
Häkimiýetiň başyndaky partiýanyň soňky saýlawlarda kürsi sany azalýar. Oppozisiýa bolsa partlamate güýç gazanýar. Oppozisiýa 2011-2015-nji ýyllardaky deňi-taýy görülmedik ýagdaýda 6 kürsä eýe bolupdy. 2020-njy ýylda geçirlen saýlawda şol san 10-a ýetdi.
Bu saýlawda 2020-njy ýyldaky saýlaw bilen deňeşdirilende oppozisiýanyň ýene-de 4 kürä eýe bolmagyna garaşylýar. Singapurlylar bu saýlawda 97 halk deputatyny saýlamak üçin ses berer.
Premýer-ministr Wong fewral aýynda saýlawlaryň öňüsyrasynda ähli singapurlylar üçin amatly bolan we synçylar tarapyndan “saýlaw bujeti” hökmünde atlandyrlan dürli meýilnamalar hödürläpdi.