DÜNÝÄ
1 minut okamak
Hytaý, Günorta Koreýa we Ýaponiýa erkin söwda gatnaşyklaryny güýçlendirmek barada ylalaşdylar
Günorta Koreýanyň senagat ministri tarapyndan berilen beýanatda global kynçylyklara bilelikde jogap bermegiň zerurdygy bellendi
Hytaý, Günorta Koreýa we Ýaponiýa erkin söwda gatnaşyklaryny güýçlendirmek barada ylalaşdylar
"Today's economic and trade environment is marked by increasing fragmentation of the global economy," Ahn says.
31 Mart 2025

Hytaý, Günorta Koreýa we Ýaponiýa erkin söwda gatnaşyklaryny güýçlendirmek barada ylalaşdylar. Bu barada Seulda geçirilen ýokary derejeli duşuşykdan soň bilelikdäki beýannamada aýdylýar.

Ýekşenbe güni geçirilen maslahat, üç ýurduň ministrler derejesinde 5 ýyl arakesmeden soň geçirlen ilknji duşuşyk boldy. Maslahat ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň awtoulaglar, ýük ulaglary we awtoulag şaýlary ýaly köp sanly import harytlaryna salgyt girizmegi bilen global söwdada dörän dartgynlylykdan soň geçirildi.

Günorta Koreýa we Ýaponiýa esasy awtoulag eksportçylary bolup durýar, Hytaý hem ABŞ-nyň täze salgytlaryndan ep-esli täsir aldy.

Maslahata Günorta Koreýanyň senagat ministri Ahn Duk-Geun, Ýaponiýanyň ministri Ýoji Muto we Hytaýyň söwda ministri Wang Wentao gatnaşdy.

Üç ýurt hem giňişleýin üçtaraplaýyn erkin söwda ylalaşygy boýunça gepleşikleri tizleşdirmek barada ylalaşyga geldiler we "öňünden çaklanylýan söwda we maýa goýum gurşawyny" döretmek barada ylalaşdylar.

Günorta Koreýanyň senagat ministri Ahn, üç ýurduň global kynçylyklara "bilelikde" jogap bermelidigini belledi.

Ahn: "Häzirki ykdysady we söwda gurşawy global ykdysadyýetiň has-da böleklenmegi bilen häsiýetlendirilýär" diýip belläp, bu ýagdaýyň umumy hyzmatdaşlygy mejbur ýagdaýa getirýändigini beyan etdi.

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Kolumbiýa Karibdäki dartgynlyk sebäpli ABŞ bilen aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagy bes etmegi buýurdy
Ukraina bilen Russiýa ýesir çalşygy boýunça Stambulda gepleşik geçirýär
Onlarça ýyl tussaglykda bolan Hannibal Kaddafi kepillik bilen boşadyldy
Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy häzirlikçe mümkin däl
Yrakda parlament saýlawy geçirilýär
Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy