Daşary işler ministri Hakan Fidan paýtagt Ankarada Hamasly ýolbaşçylar bilen duşuşdy.
Duşuşykda Gaza parahatçylyk meýilnamasynyň ikinji tapgyry we sebitdäki ynsanperwer ýagdaý bilen birlikde sebitara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministr Fidanyň duşenbe güni geçirlen duşuşykda Gazadaky palestinlileriň hukuklaryny goramak üçin Parahatçylyk geňeşi ýaly halkara platformalaryň başda durmagynda Türkiýäniň edýän diplomatik tagallalary hakynda Hamasly wekiliýete maglumat berendigi nygtaldy.
Sebitdäki şertleriň gün saýyn agyrlaşmagyna alada bildiren Hakan Fidan, Türkiýäniň Gaza has köp ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdigini nygtady.
Duşuşygyň Gaza ylalaşygynyň ikinji tapryna geçilmegi üçin halkara derejesinde gepleşikleriň geçirilýän döwründe geçirilmegi ünsleri özüne çekdi.















