SYÝASAT
2 minut okamak
“Terrorsyz Türkiýe asla gepleşik etaby däldir”
Numan Kurtulmuş, täze döredilen “Milli arkalaşyk toparynyň” PKK-nyň ýaragsyzlandyrylmagyndan soňky etapda hukuky we syýasy taýdan iş meýilnamasyny kesgitlejekdigini, terror guramasy bilen haýsydyr bir mesele boýunça gepleşik geçirmejekdigini aýtdy.
“Terrorsyz Türkiýe asla gepleşik etaby däldir”
8 Awgust 2025

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Numan Kurtulmuş, “Terrorsyz Türkiýe” üçin dowam etdirilýän başlangyjyň terror guramasy bilen “gepleşik etaby” bolmandygyny, guramanyň ýakynda kabul eden özünü dargatmak kararyndan soň durmuşa geçiriljek işleriň kesgitlenilmegi üçin edilýän milli tagalla bolandygyny aýtdy.

Numan Kurtulmuş penşenbe güni TBBM-de geçirlen maslahatda “TBMM-de başladylan bu etap asla gepleşik etaby däldir” diýdi.

Kurtulmuş, “Terror guramasynyň özüni dargatmak baradaky kararyndan soň emele gelen täze ýagdaýyň analiz edilmegi, TBMM-niň çäginde durmuşa geçiriljek işleriň anyklanmagy we TBMM-niň Baş Assambleýasyna hödürlenmegidir” diýdi.

Kurtulmuş, weteranlaryň we şehitleriň hossarlarynyň gatnaşmagynda geçirlen maslahatda eden çykyşynda Terrorsyz Türkiýe etabyna bildirilýän aladalar barada durup geçdi.

Numan Kurtulmuş, “Bu gepleşik etaby däldir, tersine Terrorsyz Türkiýe maksadyna ýetilmegi üçin terror guramasynyň özüni dargatmagy bilen başlan etabyň täzeden analiz edilmegidir” diýip belledi.

Kurtulmuş, Prezident R. T. Erdoganyň 12-nji iýulda PKK-nyň 47 ýyllyk terror kompaniýasyny bes edip, ýaragyny taşlamak baradaky kararyndan soň ýurduň taryhynda täze sahypanyň açylandygyny yglan etmeginden soň möhüm beýanat berdi.

Türkiýe, ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy hökmünde yglan edilen PKK, maý aýynda gurultaý geçirip özüni dargatmak boýunça karar kabul edendigini mälim edipdi. Bu karar guramanyň tussaglykdaky ýolbaşçysy Abdullah Öjalanyň fewral aýynda onlarça ýyldan bäri dowam edýän hüjümleriň bes edilmegi barada beren çagyryşyndan soň kabul edildi.

Şol çäkde döredilen “Milli arkalaşyk, doganlyk we demokratiýa” topary, ilkinji maslahatyny sişenbe güni TBMM-de geçirdi.

Topar, terrordan soňky döwrüň syýasy we hukuky işlerini kesgitlemek maksady bilen döredildi.

Terroryň ortadan aýrylmagynyň sebit taýdan hem möhümdigine ünsi çeken Kurtulmuş, “Terrorsyz Türkiýe şol bir wagtda terrorsyz sebit” diýmekdekdir” diýip belledi.

Respublikanyň asyrlyk taryhynyň 50 ýylynyň içerki dartgynlyklara garşy göreşmek bilen geçendigini aýdan Kurtulmuş, terroryň onlarça ýylyň dowamynda ýurduň ykdysadyýetine uly zarba urandygyny belledi.

TBMM-niň başlygy Numan Kurtulmuş “Türkiýe ykdysady 3 trilliona golaý ýitgi çekdi. On müňlerçe perzendimiz, ýaş ýigidimiz watanlaryny goramak üçin şehit boldy. Biz şehitlerimiz we geljekki nesillerimiz üçin asyrlyk doganlymyzy we jebisligimizi goramalydyrys” diýdi.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Erdogan: YHG Siriýanyň ykdysady taýdan galknyşyna goldaw bermek üçin ýörite meýilnama başlatdy
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady