SYÝASAT
1 minut okamak
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp Hytaýly kärdeşini howa menzilinde garşylady
Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy 2015-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Waşingtona resmi sapar guraýar.
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp Hytaýly kärdeşini howa menzilinde garşylady
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp Hytaýly kärdeşini howa menzilinde garşylady

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 3 günlük resmi sapar bilen paýtagt Waşingtona gelen Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Si Szinpini howa menzilinde garşylady.

Waşingtonyň golaýyndaky howa menzilinde geçirlen harby dabarada Si üçin 30 metrlik gyzyl haly serdiren Tramp, daşary ýurduň liderini howa menzilinde hut özi garşylady. ABŞ-nyň  ozalky prezidentleri diýseň az sanly lideri howa menzilinde garşylady.

Tramp bilen Szinpin birnäçe mesele hakynda pikir alyşar.

Harby garşylama dabarasyndan soň Ak Tamda metbugata beýannama beren Tramp, Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy bilen Eýran meselesi bilen birlikde birnäçe mesele hakynda pikir alyşjakdygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp şu gün Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Szinpin bilen aýalyny Ak Tamda harby dabara bilen garşylar.

Iki lideriň arasyndaky duşuşykdan soň Prezident Tramp agşamara Szinpiniň hormatyna nahar berer.

Iki lideriň anna güni Ak Tamda ikinji gezek duşuşmagyna garaşylýar.

Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy 2015-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Waşingtona resmi sapar guraýar.