Türkiye Ysraýyly berk ýazgardy: "Gazada ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşyk aç-açan bozuldy"
Ankara Tel-Awiwi ot açmaklygy bes etmeklige eýermäge we parahatçylygy bozup biljek islendik hereketlerden saklanmaga çagyrdy.
Türkiyäniň Daşary işler ministrligi Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümleriniň şu aýyň başynda baglaşylan ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşygyň aç-açan bozulmagyny emele getirýändigini aýtdy.
Ministrlik sişenbe güni beren beýanatynda hüjümlerde asuda ilat pidalary baradaky habarlara çuňňur alada bildirdi we dowamly parahatçylygyň we sebitleýin howpsuzlygyň üpjün edilmeği hakyndaky umytlary gorap saklamak üçin ot açmagy bes etmek baradaky şertnamanyň doly berjaý edilmeği hakyndaky çagyryşyny gaýtalady.
Beýanatda resmi Tel-Awiwe "ok atyşygy bes etmegiň şertlerine eýermek we parahatçylygy we durnuklylygy bozjak islendik ädimden gaça durmak" barada çagyryş berildi.
Ministrlik şeýle hem Türkiyäniň Palestinanyň halky bilen raýdaşlygyny dowam etdirjekdigini we sebitde adalatly, dowamly we giňişleýin parahatçylygy ýola goýmak ugrunda edilýän tagallalary goldamagyny dowam etdirjekdigini nygtady.
Ot açmagy bes etmek baradaky buýrugy bozmak
Ysraýylyň goşuny sişenbe güni ýurduň Premýer ministri Binýamin Netanýahunyň “tiz wagtda güýçli hüjümleriň” guralmagy baradaky buýrugyndan soň Gazada ençeme howa hüjümi guraldy. Netanýahu Hamasy ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşygyň düzgünini bozmak bilen aýyplady, emma şol öňe sürmeler bilen bagly hiç hili subutnama görkezmedi.
Hüjümlerde aralarynda 24-si çaga asuda ilatdan azyndan 63 palestinaly ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň araçylyk etmeginde kabul edilen 20 maddadan ybarat meýilnamanyň çäginde ýola goýlan ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk 10-njy oktýabrdan bäri güýjüni goraýardy. Meýilnama ysraýylly tussaglaryň boşadylmagynyň deregine palestinaly tussaglaryň boşadylmagyny we Gazanyň täzeden gurulmagyny göz öňünde tutulýardy.
2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Ysraýyl - aglabasy zenanlardan we çagalardan ybarat 69 müň adamy öldürdi, we 170 müň 500-den gowrak adamy ýaralady.
Ysraýylyň hüjümleri Gaza zolagynyň uly bölegini haraba öwürdi we ilatyň ählisini diýen ýaly göçürdi.