Prezident Erdogan Ispaniýanyň Premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Erdogan bilen Sançes Gaza krizisi bilen birlikde özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.
Prezident R. T. Erdogan şenbe güni Ispaniýanň Premýer-ministri Pedro Sançes bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Sançes telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.
Iki lider Türkiýe bilen Ispaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk we Gazada dowam edýän krizis hakynda pikir alyşdy.
Prezident Erdogan BMG-nyň şu ýylky Baş Assambleýasynyň Palestin meselesiniň iki döwletli çözgüde esaslanmagy taýdan netijeli geçendigini nygtady.
Ispaniýanyň alyp barýan tutumy barada öwgüli sözler
Ysraýylyň ganhor Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň “parahatçylygy bökdemeginiň öňüniň alynmalydygyny” nygtan Erdogan, Ysraýylyň meseläniň çözülmegini islemeýändigini nygtady.
Prezident Erdogan Türkiýäniň Ysraýylyň Gazadaky hüjümleriniň bes edilmegi we gabaw astyndaky sebite yzygiderli ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdigini belledi.
Gaza gabawyny böwüsmegi maksat edinýän Halkara Sumud ynsanperwer kömek flodyna goldaw beren Sançesiň alyp barýan tutumy hakynda öwgüli sözler aýtdy.