SYÝASAT
1 minut okamak
Erdogan bilen Tramp Gaza maslahatyny “netijeli” hökmünde häsiýetlendirdi
Tramp, musulman ýurtlaryň liderleri bilen geçiren maslahatyny “netijeli” hökmünde häsiýetlendirdi
Erdogan bilen Tramp Gaza maslahatyny “netijeli” hökmünde häsiýetlendirdi
Erdogan bilen Tramp Gaza maslahatyny “netijeli” hökmünde häsiýetlendirdi / AA
24 Sentýabr 2025

Prezident R. T. Erdogan, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň we musulman ýurtlaryň liderleriniň gatnaşmagynda Gaza meselesi boýunça geçirlen maslahaty “netijeli” hökmünde häsiýetlendirdi we maslahatyň peýdaly bolmagyny umyd edýändigini belledi.

Nýu-Ýorkda Türköýünde metbugata beýannama beren Erdogan “Netijeli maslahat geçirdik. Men maslahatyň netijesinden hoşal. Netijesi düşümli bolsun” diýdi.

Erdogan bilen Tramp, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 80-njy sessiýasynyň çäginde geçirlen Gaza temaly maslahata gatnaşdy.

Trampyň gatnaşmagynda geçirlen maslahatyň netijeli geçendigini aýdan Erdogan, ýakynda bilelikdäki jarnamanyň çap ediljekdigini nygtady.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem metbugata beren beýannamasynda maslahatyň netijeli geçendigini we maslahata umuman musulman ýurtlaryň gatnaşandygyna ünsi çekdi.

“Gaza meselesi boýunça netijeli maslahat geçirdik” diýen Tramp, maslahatda Ysraýylyň gatnaşmandygyny belledi.

“Ysraýyl bilen hem maslahat geçirerin we Gaza meselesiniň çözüljekdigi barada pikir edýärin” diýen Tramp, musulman ýurtlaryň liderleri bilen netijeli maslahat geçirendigini ýatlatdy.

Metbugata ýapyk häsiýetinde geçirlen maslahat hakynda ýolbaşçylar tarapyndan hiç hili maglumat berilmedi.