Erdogan Meloni bilen duşuşdy: Italiýa-Türkiýe gatnaşyklarynda nobatdaky sepgit näme bolar?
TÜRKIÝE
3 minut okamak
Erdogan Meloni bilen duşuşdy: Italiýa-Türkiýe gatnaşyklarynda nobatdaky sepgit näme bolar?Türkiýäniň Prezidenti Erdogan Rímde Italiýanyň Premýer-ministri Meloni bilen özara gatnaşyklary ösdürmek üçin duşuşdy, söwda gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak maksady bilen geçirilen foruma 500-den gowrak italýan we türk işewüri gatnaşdy.
Erdogan Meloni bilen duşuşdy: Italiýa-Türkiýe gatnaşyklarynda nobatdaky sepgit näme bolar? / AP
29 Aprel 2025

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen Italiýanyň Premýer-ministri Giorgia Meloni ýurtlarynyň arasynda geçirilýän dördünji hökümetara sammit üçin Rimde duşuşdylar. Bu duşuşyk, goranyş we söwda gatnaşyklarynyň täze depgine eýe bolýan döwrüne gabat gelýär.

Liderler ozal Birleşen Milletler Guramasyndan NATO sammitlerine çenli köp taraplaýyn çärelerde duşuşyp, Ukraina urşy, Siriýanyň hökümetiniň halkara jemgyýetçiligine gaýtadan goşulmagy we goranyş hem-de söwda hyzmatdaşlygynyň güýçlendirilmegi ýaly dürli geosyýasy meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Hyzmatdaşlygyň çuňlaşýandygynyň köp alamatlary bar, esasanam goranyş pudagyndaky hyzmatdaşlyk üns merkezine öwrülýär.

7-nji aprelde Italiýanyň Goranmak ministri Guido Krosetto Ankarada Türkiýäniň Goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşyp, NATO-nuň iki ýaranynyň harby gatnaşyklaryny güýçlendirmek barada gepleşik geçirdi.

Ýylyň başynda Türkiýäniň öňdebaryjy dron öndürijisi Baykar, Azerbaýjandan Liwiýa, Ukrainadan Efiopiýa çenli ulanylan uçarmansyz ulgamlary bilen tanalýar, Italiýanyň howa we goranyş ägirdi “Leonardo SpA” bilen strategiki şertnama baglaşdy. Geçen ýylyň ahyrynda bolsa “Baykar” “Piaggio Aerospace” kompaniýasyny satyn aldy.

Biz “Baykar” bilen bilelikde uçarmansyz tehnologiýalarda täze bir nusga döredýäris, bu tehnologiýalar goranyşyň geljeginde has möhüm orun eýelär” diýip,” Leonardo” kompaniýasynyň baş direktory Roberto Çingolani aýtdy. Bu hyzmatdaşlygyň Ýewropanyň 100 milliard dollarlyk goranyş bazarynda täze mümkinçilikleri açmagyna garaşylýar.

Söwda möçberini artdyrmak

Prezident Ärdoganyň Rime sapary diňe bir goranyş pudagy bilen çäklenmän, söwda gatnaşyklaryny hem ösdürmegi maksat edinýär. liderleriň ýokary derejeli syýasy sammiti bilen birlikde, 500-den gowrak türk we italýan telekeçisiniň gatnaşmagynda guralan işewürlik forumy ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we täze maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmek üçin geçirilýär.

Iki ýurduň arasyndaky söwda möçberi soňky ýyllarda eslije ýokarlandy. 2019-njy ýylda 10 milliard dollara barabar bolan söwda möçberi 2024-nji ýylyň ahyryna 32,2 milliard dollara ýetdi diýip, Türkiýäniň Italiýadaky ilçisi Elif Çomoglu Ülgen aýtdy.

“Biz şeýle tolgunýarys. Meniň pikirimçe bu ýerde ähli türkiýeliler şol bir tolgunmany başdan geçirýär” diýip, türk ilçisi “Anadolu” Agentligine (AA) aýtdy we ilçihananyň hem-de onuň türk we italýan hyzmatdaşlarynyň bu sammite uzak wagt bäri taýýarlyk görýändigini belledi. Şeýlede italýan tarapynyň hem şunuň ýaly tolgunmany başdan geçirýändigini nygtady.

Italiýa geçen ýyldan bäri Türkiýäniň esasy maýa goýujylarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda 5 milliard dollar möçberinde maýa goýum bilen 1,600-den gowrak italýan kapitally kompaniýa Türkiýede iş alyp barýar diýip, Stambulda ýerleşýän Türkiýe-Italiýa Işewürlik Geňeşiniň başlygy Lale Çander aýtdy.

“Maýa goýumlar esasan awtomobil, energetika, infrastruktura, logistika, bank we azyk pudaklaryna gönükdirilen. “Fiat”, “Pirelli”, “Eni” we “Barilla” ýaly kompaniýalar Türkiýede köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli işläp gelýärler” diýip, Çander “AA” bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde türk kompaniýalary Italiýada esasanam dokma, azyk we awtomobil şaý ýaly ugurlarda has işjeň. Çanderiň bellemegine görä, türk kapitalynyň daşary ýurtlardaky ugrunyň üýtgeýändigini görkezýän ýokary tehnologiýa we ylmy-barlaglara gönükdirilen maýa goýumlara tarap aýdyň geçiş bar.

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Türkiýe Siriýada DEAŞ tarapyndan guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Türkiýe Kongo bilen Ruandanyň arasynda baglaşylan parahatçylyk şertnamasyna kanagatlanma bildirdi
Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan 23-nji Doha forumyna gatnaşar
“Halkara jemgyýetçiligi Ysraýylyň sebitiň durnuklylygyna howp salýan hereketlerine çäre görmeli"
Türkiye Gara deňizdäki hüjümler sebäpli Ukrainanyň we Russiýanyň ilçilerini çagyrdy
Türkiyäniň goranmak we awiasiýa eksporty 11 aýda rekord goýup, 7,4 milliard dollara ýetdi
Türkiyäniň ykdysadyýeti 3,7 % ösüş depginine ýetdi; syýahatçylyk girdejisi 50 milliard dollara ýetdi
Erdogan Finlýandiýanyň Prezidenti bilen global we sebitleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşdy
Erdogan we Makron Ukraina urşy, sebitleýin krizisler we Türkiye-Fransiýa gatnaşyklaryny ele aldylar
Türkiyäniň kenarynda ýene-de bir tankeriň hüjüme sezewar bolandygy habar berildi
Erdogan Gara deňizde gämilere guralan hüjümleri "alada döredýän eskalasiýa" hökmünde häsýetlendirdi
Rim Papasy XIV Leo Türkiyäniň dini sabyrlylygy barada öwgüli sözler aýtdy
Türkiýe Gara deňizde ýanan gäminiň ekipažyny halas etdi
Daşary işler ministri Hakan Fidan Eýranda saparda bolar
Erdogan: Papanyň Türkiye sapary umumy gatnaşyklary pugtalandyrmak taýdan möhüm ädimdir
Türkiye Kipriň Grek Bölegi bilen Liwanyň arasynda baglaşylan deňiz serhedi ylalaşygyny ýazgardy
Türkiye: Ysraýyl Gazadaky düzgün bozmalaryny dessine bes etmeli
Erdogan Türkiyäniň Palestina ynsanperwer kömek bermegi sebäpli BSGG Ýewropa sylagyna laýyk görüldi
Türkiýe Pakistanda nebit-gaz gözleg işlerini geçirer
Türkiýede aýal-gyzlara garşy zorluga geçirimlilik ýok