SYÝASAT
2 minut okamak
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tramp: "Wagt ýitirmek islämok, şol sebäpli näme boljagyny görerin" diýdi.
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tramp we Putin
22 Oktýabr 2025

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen meýilleşdirilen sammiti netijesiz bolmak ähtimallygy sebäpli ýatyrandygyny aýtdy.

Sişenbe güni Ak tamda žurnalistlere beýanat beren Donald Tramp, maslahatyň näme  sebäpli ýatyrylandygy bilen bagly soraga: "Biderek geçjek duşuşyk islemeýärin. Wagt ýitirmek islämok, şol sebäpli näme boljagyny görerin " diýip jogap berdi.

Tramp Ukrainadaky front liniýalaryny bes etjek ylalaşygy göz öňünde tutup: “Liniýanyň üstüne gidiň. Söweş liniýasyna, front liniýasyna gidiň, yza çekiliň we her kim biraz arakesme bersin, sebäbi iki ýurt biri-birini öldürýär, ýurtlaryň ikisem hepdede 5-7 müň aralygynda esgerlerinden mahrum galýar” diýip belledi.

Sişenbe güni irden Ak Tamyň resmisi Tramp bilen Putiniň arasynda meýilleşdirilýän ikinji sammitiň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda "netijeli" hökmünde häsýetlendirilen telefon söhbetdeşliginiň geçmeginden soň togtadylandygyny aýtdy.

16-njy oktýabrda Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçireninden soň, Tramp Russiýanyň lideri bilen Wengriýanyň Budapeşt şäherinde iki hepdäniň içinde duşuşmak meýilnamasyny yglan etdi we Lawrow bilen Rubionyň duşuşygyň jikme-jikliklerini öwrenmek üçin şu hepde duşuşjakdygyny aýtdy. Resminiň sözlerine görä, şol duşuşyk hem ýatyryldy.

Bu duýdansyz üýtgeşmäniň sebäbi entek belli däldi, ýöne Russiýa Trampyň üç ýarym ýyldan gowrak dowam eden söweşinde Kreml öňdäki frontdaky liniýalaryny gorap saklamagy bes etmek baradaky teklibine garşy durýar.

Lawrow sişenbe güni žurnalistlere beren beýanatynda, gyssagly ýaraşygyň talap edilmeginiň rus we amerikan liderleriniň awgust aýynda Alýaskada geçiren sammitinde beren öňki borçnamalaryna ters gelýändigini aýtdy.

Öwren
Erdogan: YHG Siriýanyň ykdysady taýdan galknyşyna goldaw bermek üçin ýörite meýilnama başlatdy
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär