Emine Erdogan: Türkiýe parahatçylygyň we adalatyň ýolunyň maşgaladan geçýändigine ynanýar
Emine Erdogan: “Maşgala, diňe bir jemgyýetiň özeni däl, şol bir wagtda-da durnukly jemgyýetçilik, ykdysady we medeni ösüşiň hem esasy faktorydyr” diýdi.
Türkiýe Respublikasynyň birinji hanymy Emine Erdogan: “Türkiýe parahatçylyga, adalatda we umumy abadançylyga barýan ýoluň maşgaladan geçýändigine ynanýar” diýdi.
Ýekşenbe güni türk sosial media platformasy Nsosýaldan habarnama beren Erdogan, maşgalanyň diňe bir jemgyýetiň özeni däl, şol bir wagtda-da durnukly jemgyýetçilik, ykdysady we medeni ösüşiň hem esasy faktorydygyny beýan etdi. Nýu-Ýorkda dowam edýän BMG-niň Sessiýasynyň çäginde Maşgala we jemgyýetçilik üpjünçilik ministrligi tarapyndan guralan “Bilelikde has gowy: Maşgala esaslanýan global arkalaşyk” atly çärä gatnaşandygyna kanagatlanma bildiren Emine Erdogan, çärede maşgalany goramak we ony has-da güýçlendirmek hakynda pikir alyşandyklaryny aýtdy.
“Maşgala esaslanýan çemeleşmeleriň halkara hyzmatdaşlygy nähili güýçlendirjekdigini, jemgyýetçilik durnuklylyga nähili goşant goşjakdygyny we ýerlilikde globallyga özgerdiji güýç hökmünde nähili goşant goşjakdygyny seljerdik” diýip, Erdogan sözüniň üstüni ýetirdi.
Maşgalanyň gymmatlyklaryň göterijisi bolan çağalarymyz üçin iň howpsuz başpena we adamzadyň geljegidigini nygtan Erdogan, çökgünçilikleriň, çaknyşyklaryň we betbagtçylyklaryň kölegesinde “bizi ugrukdyrýan hakykatyň, arkalaşygyň maşgaladan başlanýandygy” düşünjesidigini beýan etdi.
“Maşgalany näderejede gorasak, şonça adalatly, parahatçylykly we eşretli dünýä gurarys” diýip, Emine Erdogan sözlerinin üstüni ýetirdi.
ERdogan şeýle hem bu ugurda beýan edilen her bir garaýyşyň we teklibiň maşgalany goramak üçin global başlangyçlara ylham berjekdigine ynanýandygyny aýtdy.