SYÝASAT
1 minut okamak
Zelenskiý Putiniň täze hüjümler üçin taýarlyk görýändigini öňe sürýär
Zelenskiý, ruslaryň söweşiň bes edilmegini isleýändigini görkezýän haýsydyr bir alamatyň ýokdygyny, Putininiň ABŞ-nyň Prezidenti bilen duşuşmagy şahsy ýeňişi hökmünde görkezmek isleýändigini aýtdy.
Zelenskiý Putiniň täze hüjümler üçin taýarlyk görýändigini öňe sürýär
12 Awgust 2025

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň atyşygyň bes edilmeginiň ýerine täze hüjümler üçin taýarlyk görýändigini öňe sürdi.

Zelenskiý duşenbe güni beren beýannamasynda, ruslaryň söweşiň bes edilmegini isleýändigini görkezýän haýsydyr bir alamatyň ýokdygyna ünsi çekdi.

Ukrainanyň lideri, gazwetka gullugynyň habarnamasynyň, “Putiniň Amerika bilen geçirjek duşuşygyny şahsy ýeňişi hökmünde görkezmek isleýändigini we duşuşykdan soň edil öňküsi ýaly hereket edip Ukraina basyş etmäge dowam etjekdigini” görkezýändigini nygtady.

Russiýanyň parahatçylyk üçin taýarlyk görýändigini görkezýän hiç hili alamatyň ýokdygyny aýdan Zelenskiý, täze hüjümler üçin taýarlyk görülýändigini ýatlatdy.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý, resmi Kiýewiň hyzmatdaşlaryna söweşde ýetilen sepgit, edilýän diplomatik tagallalar we Russiýanyň meýilnamalary hakynda maglumat bermäge dowam etjekdigini aýtdy.

Alýaska sammiti

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, geçen hepde beren beýannamasynda, Ukrainadaky söweşiň bes edilmegi üçin Putini Alýaskada geçiriljek sammite çagyrandygyny mälim etdi.

Putiniň Tramp bilen hyzmatdaşlyk etmegine alada bildirýän Ýewropaly liderler, çarşenbe güni hem Zelenskiý hem-de Tramp bilen aýr aýry duşuşmagy meýilleşdirýär

Tramp iki ýurduň ýer çalyşmagyny teklip edýär.

Zelenskiý bolsa bu teklibe garşy durýar.

Germaniýanyň Federal Kansleri Merz, çarşenbe güni Fransiýanyň, Birtaniýanyň we beýleki Ýewropa ýurtlarynyň liderleri bilen birlikde NATO-nyň ýolbaşçylarynyň hem gatnaşmagynda wideo aragatnaşyk arkaly maslahatyň geçirilmegi üçin çagyryş berdi.

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär