TÜRKIÝE
1 minut okamak
Zeugma mozaika muzeýine 49 müň 733 adam baryp gördi
Dünýä belli “Sigan gyzy” mozaikasy bilen ýakyndan tanalýan Zeugma mozaika muzeýine 9 günlük Gurban baýramynda 49 müň 733 adam baryp gördi.
Zeugma mozaika muzeýine 49 müň 733 adam baryp gördi
Zeugma mozaika muzeýine 49 müň 733 adam baryp gördi

Zeugma mozaika muzeýinde “Sigan gyz”, “Mars heýkeli” ýaly Rim döwrüne degişli esgerler bilen Ýefrat derýasynyň kenaryndaky willalarda tapylan mozaikalar ýaly ýüzlerçe eser sergilenýär.

Zeugma muzaika muzeýi Gurban baýramy dynç alyşynda syýahatçylaryň iň köp baryp gören ýerlerinden biri boldy

“Prezidentiň Medeniýet we sungat” baýragyna eýe bolan muzeýe 9 günlük Gurban baýramy dynç alyşynda 49 müň 733 adam baryp gördi.

Hediýe Beşikçi Samsundan Gaziantebe Zeugma muzeýini görmek üçin gelendigini nygtaýar.

Konýa Beýşehirden gelen Kamil Bahtiýar bolsa “Taryhy ýerleri gezip görsünler diýip çagalary getirdik” diýdi.