TÜRKIÝE
2 minut okamak
Aselsan ýylyň birinji ýarymynda 1.3 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy
Türk goranyş kompaniýasy ýanwar–iýun döwri üçin girdejisiniň ýyllyk 11.3 göterim ýokarlanyp, 1.32 milliard dollara ýetendigini habar berdi. Kämilleşdiriş we ösüş çykdajylary 42 göterim ýokarlanyp, 572 million dollara ýetdi.
Aselsan ýylyň birinji ýarymynda 1.3 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy
Aselsan ýylyň birinji ýarymynda 1.3 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy
6 Awgust 2025

Türkiýäniň goranmak senagatynyň öňdebaryjy kompaniýasy “Aselsan” ýylyň ilkinji alty aýynda göni we aýlawly eksport şertnamalarynyň jemi 1,3 milliard dollar möçberinde baglaşylandygyny mälim etdi. Kompaniýa eksport ugruna gönükdirilen ösüş strategiýasyny "ygrarlylyk" bilen dowam etdirýär.

2025-nji ýylyň birinji alty aýynda Aselsanyň girdejisi 53,7 milliard türk lirasy (1,32 milliard Amerikan dollary) bolup, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 11,3 göterim ýokarlandy. Bu ösüş howa goragy, elektro-optika, radar, awionika, elektron söweş, howpsuzlyk we ýarag ulgamlary ýaly ugurlarda dowam üpjünçilikler bilen baglanyşyklydyr.

Ýylyňbirinji ýarymynda täze şertnamalaryň jemi 2,8 milliard dollara ýetip, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 10 göterim ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde jemi sargytlar 30 göterim ýokarlanyp, 16 milliard dollara ýetdi.

Geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 15 göterim hakyky ösüş bilen, göni amallardan gazanylan göterimden öňki girdeji (EBITDA) 319,7 million dollar bolup, 25 göterim girdeji derejesine ýetdi. .

2025-nji ýylyň ilkinji ýarymynda ylmy-barlag (R&D) çykdajylary geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42 göterim ýokarlanyp, 572 million dollara ýetdi. Şol bir wagtda, infrastruktura maýa goýum çykdajylary 100 göterim ýokarlanyp, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki esse artdy we 104 million dollara ýetdi.

Aselsanyň baş direktory Ahmet Akyol 2025-nji ýylyň birinji alty aýynyň maliýe jemlerini seljerip, kompaniýanyň 2024-nji ýylda işe ulanmaga berilen Aselsan NEXT maksatnamasy bilen güýçli maliýe depginine eýe bolandygyny aýtdy.

"Ikinji çärýekde gazanylan netijeler 2025-nji ýylyň ilkinji ýarymynda şol depgini dowam etdirendigimizi ýene-de bir gezek tassyklady," diýip, Akyol belledi.

"Bu üstünligiň üç esasy sebäbi bar: birinjisi-ýokary tehnologiýaly önümlere we önümleri gysga möhletde çykarmaga üns bermek, ikinjisi- netijeliligi ýokarlandyrmak, we üçünjisi-ýerlileşdirme tagallalary" diýip, ol nygtady.

Akyol Aselsanyň hümmetiniň 21 milliarda dollara ýetendigini belläp, bu ösüşiň maýadarlaryň ynamynyň we uzak möhletleýin mümkinçiliklerine bolan ynanjynyň anyk subutnamasydygyny aýtdy.

"Ýylyň ikinji ýarymynda hem şol bir erjellik bilen öňe gitmegi dowam etdireris. K&Ö we maýa goýumlarymyzy dowam etdireris, esasan hem howa goranyş, radar,y döwrebap ok-däri, ýol görkeziji ulgamlar we elektro-optika ýaly möhüm ugurlarda köpçülikleýin önümçilik kuwwatymyzy artdyrarys. Eksport ugruna gönükdirilen ösüş strategiýamyz bilen täze bazarlara gireris," diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Türkiye kiber içalylyk bilen bagly geçiren reýdlerinde şübhe astyndaky iki adamy tussag etdi
Erdogan bilen Dibeýbe Türkiýe bilen Liwiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy
Britaniýanyň Ankaradaky ilçisi: “Türkiýe Siriýanyň galkynyşynda uly rol oýnaýar”
Türkiye Gazadaky ýaraşygyň dowam etdirilmegi barada çagyryş berdi
Türkiye Gazada ýaraşygyň ýol meýilnamasyny maslahatlaşmak üçin Stambulda Hamas bilen duşuşdy
Daşary işler ministri Hakan Fidan Finlýandiýada saparda bolýar
Altaý tanky Türkiýäniň goranyş güýji we global maksatlary üçin täze bir döwri delillendirýär
Türkiye noýabr aýynda Siriýa üstaşyr transport gatnawyny başladar
Türkiýe Gaza esger ugradylmagy meselesinde BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kararyna görä hereket eder
Fidan: Ysraýyl Gazadaky ýaraşygy sabotaž etdi we onuň jogabyny bermeli
Erdogan: Türkiye goranyş taslamalary boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygyny tizleşdir
Prezident Erdogan Al-Faşirdäki asuda ilat gyrgynçylygyny ýazgardy
Pakistan bilen Owganystan 6-njy noýabrda Stambulda gepleşikleri dowam etdirerler
Ýylmaz: Türkiye goranmak senagaty boýunça egilşik etmez
Stambulda geçiriljek 9-njy TRT World forumynda dialog we adalat çagyryşy berler
Türkiýe seýrek ýer elementleriniň global bazarynda güýçli pozisiýa eýelemegi maksat edinýär
Türkiye Sudana çagyryş berdi: Al-Faşirdäki çaknyşyklar dessine bes edilsin
Türkiye Ysraýyly berk ýazgardy: "Gazada ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşyk aç-açan bozuldy"
Türkiye Respublikanyň esaslandyrylmagynyň 102 ýyllygyny belläp geçýär
Türkiye ilkinji gezek köpçülikleýin ýagdaýda öndürilen Altaý tanklaryny TÝG-ne gowşurýar