SYÝASAT
2 minut okamak
Ukraina dron hüjümleri bilen Russiýadaky harby-senagat desgalaryny nyşana aldy
Russiýa, howa goranyş ulgamlarynyň düýn gije Ukrina degişli 121 drony urup düşürendigini mälim etdi. Saratow şäherindäki senagat desgasyna uly zeper ýetirlendigi bellenildi.
Ukraina dron hüjümleri bilen Russiýadaky harby-senagat desgalaryny nyşana aldy
10 Awgust 2025

Saratow şäheriniň häkimi Roman Busargin ýekşenbe güni beren beýannamasynda, Ukrainanyň Russiýanyň Saratow şäherine guran dron hüjümlerinde 1 adamyň ýogalandygyny, birnäçe ýaşaýyş jaýyna we senagat desgasyna zeper ýetirlendigini mälim etdi.

Busargin, urlup düşürlen dronyň 3 ýaşaýyş jaýyna zeper ýetirendigi sebäpli ýaşaýjylarynyň ewakusiýa edilendigini aýtdy.

Busargin “Gynansakda wakda 1 adam ýogaldy, 1 adam hem hassahanada bejergi astyna alyndy” diýdi.

Saratow şäheriniň häkimi Roman Busargin zeper ýetirlen senagat desgasy hakynda bolsa hiç hili maglumat bermedi.

Sosial mediada paýlaşylan wideo ýazgylarda senagat zolagynyň gara tüssä bürenendigi görüldi.

“Roýter” wideolardan birindäki ýeriň faýl we emeli hemra arkaly alynan suratlara gabat gelýändigini tassyklady. Emma wideonyň haçan ýazga alynandygy anyklanyp bilinmedi.

Ukrainanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Saratow şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyň dronlar tarapyndan nyşana alynandygyny we desganyň ýanandygyny habar berdi.

Saratowda uçuşlar bes edildi

“Roýter” habarlar gullugyna beýannama beren pudagyň wekillerine görä, Rosnefte degişli Saratowdaky nebiti gaýtadan işleýän desga, üstümizdäki ýylyň başynda Ukrainanyň dron hüjümlerinden soň howpsuzlyk sebäpli ýapylypdy.

Russiýanyň howpsuzlyk güýçlerinden ýygy-ýygyndan maglumat alýan SHOT Telegram kanaly, Wolga derýasy bilen aýrylýan Saratow we Engels şäherlerinde 8 partlamanyň bolandygyny habar berdi.

 Russiýanyň Rosawiatsiýa gullugy, ýekşenbe güni irden howa giňişliginiň howpsuzlygy maksady bilen Saratowa guralýan ähli uçar saparlarynyň iki sagat möhlet bilen bes edilendigini mälim etdi.

Iki tarap hem 2022-nji ýylda başlan söweşde asuda ilaty nyşana alýandyklaryny iňkär edýär.

Ukraina hüjümlerinde resmi Moskwanyň söweş tagallalaryny bökdemek üçin energiýa we harby infrastrukturasyny nyşana alýandygyny nygtaýar.

 

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Erdogan: YHG Siriýanyň ykdysady taýdan galknyşyna goldaw bermek üçin ýörite meýilnama başlatdy
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady