DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýa Ukrainanyň paýtagtynda ýene-de bir köprüni nyşana aldy
Russiýa şenbe güni Ukrainanyň paýtagty Kiýewdaki Demirgazyk köprüni nyşana aldy.
Russiýa Ukrainanyň paýtagtynda ýene-de bir köprüni nyşana aldy
Russiýa Ukrainanyň paýtagtynda ýene-de bir köprüni nyşana aldy / Reuters

Kiýewiň şäher häkimi Witaliý Kliçko, Russiýanyň paýtagtdaky esasy köprülerden birine hüjüm gurandygyny habar berdi. Hüjüm şäherdäki ulag gatnawynyň bökdelmegine sebäp boldy.

Russiýa 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Ukraina guraýan hüjümlerini dowam etdirýär. Paýtagt Kiýew şol günden bäri dowam edýän hüjümlerden esasan daşda galypdy.

Kiýewiň şäher häkimi Kliçko, Telegramdan beren habarnasynda “Demirgazyk köprüsüne zarba uruldy. Gözleg we halas ediş topary sebite ugradyldy” diýdi.

Kliçko hüjüm sebäpli köprä uly zeper ýetirlendigini we ulag gatnawynyň bökdelendigini mälim etdi.

Şäher häkimi “Häzirki wagtda köprüde çep kenardan sag kenara geçmek mümkin däl” diýip belledi.

Häkimlik anna günü ýokary tizlikde hereket edýän dron bilen guralan hüjümden soň paýtagtyň esasy geçelgelerinden biri bolan Günorta köprüsini ýapypdy we başga köprüde ulag gatnawyny çäklendiripdi. Bu ýagdaý paýtagtda ulag gatnawynyň bökdelmegine sebäp bolupdy.

Günorta köprüsi Kiýewiň iki kenaryny birleşdirýän 8 geçelgeden biri.

Kiýewiň şäher häkimi Kliçko, anna güni paýtagtlylaryň indi söweş şertlerine görä hereket etmelidigini duýdurypdy.

 

Öwren
Paşinýan: Azerbaýjan bilen parahatçylyk Ermenistanyň dowamlylygynyň esasyny emele getirer
Pakistanda ýolagçy otlusynyň relsden çykmagy netijesinde bäş adam ýogaldy
ABŞ-nyň prezidenti Tramp Hytaýyň we Russiýanyň Eýrana kömek edýändigine ynanmaýandygyny aýtdy
Yrakda terror guramasy DEAŞ-a degişli pozisiýa hatardan çykaryldy
Saud Arabystanynda Şa Halid howa menziline guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Türkiýe, Müsür, Pakistan we Saud Arabystany bilelikdäki beýanatda Husileriň hüjümlerini ýazgardylar
Zelenskiý Russiýanyň ylalaşygy kabul eden halatynda, Ukrainada saýlawlaryň geçiriljekdigini aýtdy
Riýad howa menzilinde guralan hüjümde 12 adam ýogaldy, 309 adam ýaralandy
ABŞ-da guralan ýaragly hüjümde dokuz adam ýogaldy
Kreml: Putin Eýranyň çaknyşygy çözmek bilen bagly beren teklibini Trampa ýetirdi
Russiýa Odessa portuna harby ýükleri alyp barýan ýük gämisine hüjüm gurandygyny habar berdi
Panamada ýer titremesinden soň uly betbagtçylyk yglan edildi
Nobeliň Parahatçylyk baýragy halkara hukugy boýunca işleri üçin Nawi Pillaýa berildi
Ukraina BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gyssagly maslahatyny çagyrdy
Meksikada tussaghanada bolan gozgalaňda 10 adam öldi, 16 adam ýaralandy
ABŞ-nyň Eýran urşunda 81 harby uçary ýitdi ýa-da düýpli zeper ýetdi
BMG: El Nino Ýuwaş ummanyndaky ýylylygy rekord derejelere ýetirip biler
Fransiýada protestler dowam edýär
Trampyň aralyk saýlawyndan öň Eýrana garşy harby operasiýa geçirmegi meýilleşdirýändigi öňe sürüldi
Husiler Saud Arabystanynyň howa menzillerine we harby bazalaryna hüjüm gurandyklaryny habar berýär