Prezident Rejep Taýýip Erdogan Ysraýylyň Gazada "sözüň doly manysynda genosid" edýändigini we gyrgynçylyga Netanýahunyň jogapkärdigini aýtdy.
Erdogan duşenbe güni Nýu-Ýorkda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň bölümleriniň arasynda Fox News kanalyna beren beýanatynda: “Muny düşündirmegiň başga ýoly ýok. Bu sözüň doly manysynda genosiddir. Bu genosidi eden adam Netanýahudyr. Netanýahu bu genosidde on müňlerçe adamy rehimsizlik bilen öldürdi” diýip nygtady.
Gazada 120000-den gowrak adamyň ýaralanandygyny we Türkiyäniň ýaralanan adamlaryň aglabasyny bejergi üçin ýurda getirendigini aýtdy. Erdogan: "Türkiye hökmünde biz bu genoside düýbünden garşydyrys" diýdi.
Hamas we ýesirler bilen bagly soraga Erdogan, günäniň diňe Hamasa degişlidigi baradaky öňe sürmeleri ret etdi.
Erdogan: "Bu bir taraplaýyn jenaýat däl. Günäni diňe Hamasa ýüklemek ýalňyş. Beýleki tarapdan, Netanýahunyň edenini nädip aýyryp bileris?" diýdi.
Erdogan Ysraýyly asuda ilata garşy tapawut goýmazdan hüjümler guramak bilen günäkärläp: "Hamasyň ýarag meselesinde Ysraýyldan güýçlidigini aýdyp bilerismi? Bu mümkin däl. Ysraýyl bu ýaraglary 7 ýaşdan 70 ýaşa çenli aýal-gyzlar, çagalar we garrylar rehimsizlik bilen ulanýar. Olar rehimsiz. Bu adamlar öldürilýär" diýdi.
Çaknyşyklaryň bes edilmegi bilen bagly meseläniň üstünde durup geçen Prezident Erdogan, çözgüde şübheleriniň bardygyny belläp, ony çözgütsiz galan Russiýa-Ukraina urşy bilen deňeşdirip: “Ýadyňyza düşýän bolsa hormatly Tramp bir sözlem ulanypdy. Russiýa-Ukraina urşuny men tamamlap bilerin diýipdi. Bes edildimi? Ýok, häzirki wagtda hem dowam edýär. Şolar ýaly ýagdaýda Gaza urşuny men bes etdirerin diýipdi. Bes etdirip bildimi? Ýok” diýip belledi.
Hamasy terror guramasy hökmünde garap-garamaýandygy bilen bagly soraga Prezident Erdogan: "Men Hamasy terror guramasy hasaplamok. Tersine, men olara garşylyk guramasy hökmünde seredýärin. Olar özlerini goramak üçin elinden gelenini edýärler" diýip jogap berdi.













