TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiýe 17-njy ýagşylyk gämisi bilen Gaza 900 tonna ynsanperwer kömegini ugratdy
Gazada hüjümleriň bes edilmegi, ýesirleriň we tussaglylaryň çalşylmagy boýunça gazanylan ylalaşygyň çäginde 900 tonnalyk ynsanperwer kömegi sebite ugradyldy.
Türkiýe 17-njy ýagşylyk gämisi bilen Gaza 900 tonna ynsanperwer kömegini ugratdy
Türkiýe 17-njy ýagşylyk gämisi bilen Gaza 900 tonna ynsanperwer kömegini ugratdy / Anadolu Agency
14 Oktýabr 2025

Gazanyň halkyny zerur bolan esasy önümler bilen üpjün etmek maksady bilen 900 tonnalyk ynsanperwer kömegini alyp giden 17-nji Ýagşylyk gämisi sişenbe güni Türkiýäniň günortasynda ýerleşýän halkara Mersin portundan Müsüriň Al Ariş portuna tarap ugrady.

17 sany jemgyýetçilik guramasynyň goldaw bermeginde taýarlanan ynsanperwer kömegi AFAD bilen Müsüriň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň hyzmatdaşlygynda sebite ugradyldy.

Ynsanperwer kömegi Gaza iň ýakyn port bolan Müsüriň Al Ariş portundan Karem Abu Salem gümrük geçelgesine getirler.

Gazanyň ýaşaýjylarynyň esasy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin taýarlanan ynsanperwer kömeginiň düzüminde taýar iýmitler, konserwirlenen önümler we çaga iýmitleri bar.

Mersin portunda geçirlen ynsanperwer kömeginiň ugradylyş dabarasynda çykyş eden Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa, “Şu gün Ýagşylyk gämisi Gaza tarap ugraýar. 900 tonnalyk azyk, konserwirlenen önümler we çaga iýmitleri Gaza tarap ugraýar” diýdi.

Türkiýe, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Gaza garşy başladan genosid hüjümleri sebäpli AFAD arkaly 16 gämi we 14 uçar bilen sebite ynsanperwer kömegini ugratdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 67 müňden gowrak palestinliniň ýogalmagyna we sebitiň haraba öwrülmegine sebäp bolan söweşiň yzygiderli bes edilmegi baradaky meýilnamasynyň çäginde Gazada geçen hepde ylalaşyk gazanylypdy.

 

 

Öwren
Türkiýäniň ilaty 86 milliondan geçdi
Türk basketbolçy Alperen Şengün 2026 NBA All-Star toparyna saýlandy
Türkiye Stambulda geçirilen içaly operasiýasynda Mossadyň iki içalysyny tussag etdi
Türkiye Saud Arabystany bilen 2 milliard dollarlyk energiýa maýa goýum şertnamasyna gol çekdi
Kurtulmuş: "Siriýanyň territorial bitewiligi we milli özygtyýarlylygy ýüz öwrülmesizdir” diýdi
Türkiyäniň Prezidenti Erdogan şu hepde Saud Arabystanyna we Müsüre sapar gurar
Türkiýe Kongo Demokratik Respublikasyna gynanç bildirdi
Türkiýe esgerleriniň Siriýanyň demirgazygyndan çekilendigi hakyndaky habarlary ret etdi
Daşary işler ministri Fidan ABŞ-a Eýran barada duýduryş berdi: "Tähran gepleşiklere taýýar"
Türkiye Eýranyň peýdasyna içalylyk etmekde aýyplanýan alty adamy tussag etdi
Milli Howpsuzlyk guramasynyň başlygy Kalyn Hamasly wekiliýet bilen duşuşdy
Erdogan: Täzeden şekillendirilen global düzgünde Türkiye merkezi güýç hökmünde peýda bolar
Erdogan Pezeşkiýan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türkiye we ýene-de ýedi ýurt Trampyň "Parahatçylyk Geňeşine" gatnaşmak çakylygyny kabul etdi
Erdogan: "Türkiye Gazadaky ähli parahatçylyk başlangyçlaryny möhüm hasaplaýar"
Erdogan Siriýada ylalaşygy goldady we hemişelik çözgüt tapmak barada çagyryş berdi
Erdogan: Türkiye Siriýadaky ýagdaýa gözegçilik edýär we Gazada ABŞ bilen utgaşykly hereket edýär
Fidan: Türkiye ikirjiňlenmelerine garamazdan Siriýa-SDG ylalaşygyny goldaýar
Hakan Fidan ABŞ-nyň wekili Barrak bilen Siriýa-ÝPG ylalaşygyny maslahatlaşdy
Prezident Erdogan Stambulda NBA-nyň öňki ýyldyzy Şakil O'Nil bilen basketbol oýnady