Wenesuelanyň Prezidentiniň wekili Delsi Rodriges Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde Türkiýä geldi.
Erdogan bilen Rodriges Dolmabahçe köşgünde duşuşdy. Duşuşyga Wise-prezident Jewdet Ýylmaz, Daşary işler ministri Hakan Fidan, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, Senagat we tehnalogiýa ministri Mehmet Fatih Kjyr, Söwda ministri Ömer Bolat we Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran hem gatnaşdy.
Duşuşykda Türkiýe bilen Wenesuelanyň arasyndaky özara gatnaşaşyklar bilen sebitara we halkara meseleler seljerildi.
Prezident Erdogan duşuşykda dost ýurt Wenesuelanyň halkyna goldaw bermäge dowam etjekdiklerine ünsi çekdi.
Erdogan Türkiýe bilen Wenesuelanyň söwda we energetika pudagynyň başda durmagynda birnäçe ugur boýunça edilýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ygrarlydygyny nygtady.
Duşuşykda 3 milliard dollarlyk söwda mukdaryna ýetilmegi üçin amala aşyryljak işler hem seljerildi.


















