Dünýä belli ýyldyzlar çarşenbe güni Londondaky Uembli stadionynda Palestin üçin haýyr-sahawat konsertinden öň wideo ýüzlenme berdiler.
“Palestin üçin bilelikde” wideo ýüzlenmesinde Billi Aýliş, Killiamn Merfi, Hoakin Feniks we Hawier Bardem adamlary palestinlileri goldamaga çagyrdy.
Topar wideo ýüzlenmede “Bu ýurduň liderleriniň Gazadaky we Günbatar Şeriadaky köpçülikleýin gyrgynçylyk jenaýatlaryna şärikdigini bilýäris” diýip, arkalaşygyň hem-de göreşiň hasam ýaýbaňlandyrylmagy üçin çagyryş etdiler.
Konsert Taawon, Palestinli çagalar kömek gaznasy we Palestine Lukmançylyk Kömegi guramasy bilelikde Gazadaky pajygada alynky hatarlarda göreşýän guramalar üçin millionlarça dollar ýygnamak maksady bilen guralýar.
Çärede aýdym-saz çykyşlary bilen bilelikde lukmanlaryň, žurnalistleriň, ynsanperwer kömek gullukçylarynyň we Gazada işlän adamlaryn çykyşlaryna hem orun beriler hem-de “ÝouTube” arkaly göni ýaýlymdan görkeziler.
Florens Pýu, Halid Abdalla, Benedikt Kamberbetç we BMG-niň Palestiniň basylyp alynan ýerleri boýunça Ýörite bilermeni Françeska Albanesiň hem çärä gatnaşmagyna garaşylýar.
Guramaçylar çäräniň diňe bir maddy kömek ýygnamak däl, şol bir wagtda-da palestinlileriň perýadyny bütin dünýä ýetirmegi maksat ediýändigini beýan etdiler. Guramaçylardan biri: “Men iň agyr şertlerde adamlary halas edenleri goldamak we dünýäniň ünsüni sowmagyna ýol bermezlik üçin tagalla edýärin” diýdi.
Gaza 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri yzgiderli bombaly hüjümlere we gabawa sezewar boldy. Ynsanperwer kömek toparlary agyr azyk, derman we elektrik gytlygynyň bardygyny beýan etdiler. Ynsanperwer guramalary hassahanalaryň iň agyr şertlerde işleýändigini nygtap, şol şertleri betbagtçylyk hökmünde häsýetlendirdiler.
Halkara sungat ussatlary we dünýä belli adamlar urşy garşy günsaýyn güýçli pozisiýa eýeleýän bolsa, olaryň esasy bölegi atyşygyň we palestinlileriň köpçülikleýin jezalandyrylmagynyň bes edilmegi üçin çagyryşlara goşuldylar.
Şu gün geçiriljek çäre Ýewropada Palestine kömek işlerine goldaw üçin guralan uly göwrümli medeni çärelerden biri hökmünde ünsi çekip, sungadyň we dünýä ýyldyzlarynyň ynsanperwer krizislere ünsi çekmekde eýeleýän pozisiýasyny hem nygtaýar.












