TÜRKIÝE
1 minut okamak
Erdoganyň meşhur sözleri Nýu-Ýorkda ekranda görkezildi
Prezident BMG-nyň Baş Assambleýasynda "Dünýä bäşden uludyr" diýip, reforma çagyryşyny ýene-de bir gezek gaýtalady.
Erdoganyň meşhur sözleri Nýu-Ýorkda ekranda görkezildi
Rejep Taýýip Erdogan

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň uzak wagtdan bäri BMG-nyň ulgamynda üýtgeşmeleriň girizilmegi baradaky çagyryşyny gaýtalap aýdýan şygary bolan "Dünýä bäşden uludyr" we “Has adalatly dünýä mümkin” sözleri, suraty bilen birlikde Nýu-Ýork şäheriniň merkezi köçelerindäki we meýdançalaryndaky ekranlarda görkezildi.

BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşi ençeme ýyl bäri weto hukugyna eýe bolan bäş agzasynyň (ABŞ, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Russiýa we Hytaý) proporsional bolmadyk täsirine eýedigi baradaky tankydy belliklere sezewardyr.

Prezident Erdogan sişenbe güni BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde eden çykyşynda Birleşen Milletler Guramasyndaky reforma çagyryşyny ýene bir gezek gaýtalady.

“Has adalatly dünýä mümkin”

Erdogan: “80-nji ýylda BMG-nyň esaslandyrylma ruhuna gaýdyp getirjek ädimler etmek ählimiziň jogapkärçiligimizidir. Biz güýçliniň dogry däl, dogrynyň güýçli bolan bir düzgün ýola goýulýança çenli Dünýä bäşden uludyr diýmäge dowam ederis” diýdi.

Prezidentiň "Has adalatly dünýä mümkin" diýen sözleri Taýms meýdançasyndaky ekranlarda hem görkezildi.

Öwren
Prezident Erdogan COP31-de ikitaraplaýyn duşuşyklaryny dowam etdirýär
Prezident Erdogan: "Medeniýetimiziň özeninde tebigata hormat goýmak bardyr."
Türkiýe bilen Saud Arabystany elektrik taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk memorandumyna gol çekdi
BMG-niň Baş sekretary COP 31 guramaçylygy üçin Türkiýe barada öwgüli sözler aýtdy
Prezident Erdogan BMG-niň Baş sekretary Guterreşi kabul etdi
COP31-e gatnaşyjylar Atatürki uly hormat bilen hatyralady
Prezident Erdogan Apple kompaniýasynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygyny kabul etdi
Wise-prezident Ýylmaz Hytaýyň wise-prezidenti Han Çžen bilen duşuşdy
COP31 sammitine 6 yklymdan 102 lider gatnaşýar
Türkiýe Polşa gynanç bildirdi
Türkiýäniň goranyş we awiasiýa senagatynyň eksporty artdy
“Italiýa bilen özara gatnaşyklarymyzy ösdürmegi maksat edinýäris”
Prezident Erdogan Koreýaly firmalaryň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny kabul etdi
Prezident Erdogan Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň halka ýüzlenip çykyş etdi
Türkiýe Iordaniýada buthana guralan hüjümi berk ýazgardy
Fidan: Sebitleýin meseleleri çözmek ugrundaky jogapkärçilikleri öz üstümize almaga dowam ederis
Prezident Erdogan Kanadanyň Premýer-ministri Karni bilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda çykyş etdi
Prezident Erdogan TDG-nyň baş sekretary Ömüraliýewi kabul etdi
Prezident Erdogan Bolgariýanyň Premýer-ministri Radew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Kanadanyň Premýer-ministri Karni Türkiýä sapar gurar