Rus harby uçarynyň Krymda heläkçilige uçramagy sebäpli 29 adam ýogaldy
Rus resmiler An-26 kysymly harby uçaryň Krymda heläkçilige uçrandygyny habar berdi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi çarşenbe güni basyp alynşyk astyndaky Krym Ýarymadasynda harby uçaryň heläkçilige uçrandygyny habar berdi.
Ministrlikden berlen beýannamada, An-26 kysymly harby ýük uçarynyň heläkçilige uçrandygy nygtaldy.
Uçar heläkçiliginde uçardaky 23 ýolagçy bilen 6 ekipažyň ýogalandygy bellenildi.
Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada “An-26 kysymly harby ýük uçary bilen 31-nji martda ýerli wagt bilen 18.00-da, halkara wagt boýunça 15.00-da Krym ýarymadasynda meýilleşdirlen adaty uçuşynyň çäginde aragatnaşyk kesildi” diýildi.
Gözleg we halas ediş topary uçar heläkçiliginden halas bolanyň ýokdygyny mälim etdi.
Heläkçiligiň sebäbiniň anyklanylmagy üçin derňew işiniň gozgalandygy bellenildi.
RIA Nowosti uçaryň gaýalyk meýdanda heläkçilige uçrandygyny habar berdi.
Rus güýçleri 2014-nji ýylyň fewral aýynda Krym Ýarymadasyny basyp alypdy.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bir aý soň sebiti Russiýa Federassiýasynyn iki aýry federal sebiti hökmünde resmi taýdan yglan etdi.