Ukraina degişli dronlaryň Russiýanyň demirgazyk günbatarnda ýerleşýän Kirişi nebiti gaýtadan işleýän kärhanasyna hüjüm gurandygy we urlup düşürlen dronlardan biriniň ýangyna sebäp bolandygy habar berildi
Kirişi nebiti gaýtadan işleýän kärhanasy ýurduň iň uly kärhanalaryndan biri hökmünde bilinýär.
Bir tarapdan II jahan urşundan soň Ýewropada başdan geçirilýän iň uly söweşde çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin uly tagalla edilýär. Beýleki tarapdan dron söweşleri gün saýyn artýar.
NATO agza Polşa Russiýa degişli dronlary urup düşürdi. Ukraina hem dünýäniň nebit eksport edýän iň uly ikinji ýurdy bolan Russiýa degişli nebiti gaýtadan işleýän kärhanalary we turba geçirijilerini nyşana alýar.
Leningradyň gubernatory Aleksandr Drozdenko, Kirişi sebitinde üç dronyň urlup düşürlendigini, dron sebäpli bolan ýangynyň söndürlendigini mälim etdi.
Drozdenko wakada ýaralananyň bolmandygyny nygtady.
Ukrainanyň dron serkerdeligi, nebiti gaýtadan işleýän kärhana hüjüm gurandyklaryny mälim etdi.
Kirişi nebiti gaýtadan işleýän kärhanasy ýylda 17,7 million tonna günde 355 müň barrelik rus çig nebitini gaýtadan işläp çykarýar. Şol san ýurduň jemi önümçiliginiň 6,4 göterimine gabat gelýär.
Russiýa düýn gije Ukraina degişli 80-den gowrak drony hatardan çykarandygyny mälim etdi.
Ozal nyşana alynan Russiýanyň Başgyrdystan sebitindäki nebit firmasy şenbe güni guralan dron hüjümine garamazdan önümçiligiň dowam etjekdigini aýan etdi.