Ysraýylda saklanan 14 raýatyň yzyna getirilmegi üçin tagalla edilýär

Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrligi, şenbe güni 36 adamyň ýurda getirilmeginden soň, raýatlarynyň sişenbe güni İordaniýa arkaly yzyna getirilmegi üçin tagalla edýär.

Ysraýylda saklanan 14 raýatyň yzyna getirilmegi üçin tagalla edilýär / AA

Daşary işler ministrligi, Ysraýylyň Gaza ynsanperwer kömegini alyp giden Halkara Sumud flotiline guralan hüjümden soň saklanan 14 türk raýatynyň yzyna getirilmegi üçin tagalla edilýändigini mälim etdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Önjü Keçeli duşenbe güni X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Ysraýylda tussaglykda saklanýan 14 raýatymyzyň ertir İordaniýa arkaly ýurdumyza getirilmegi üçin tagalla edýäris” diýdi.

Önjü Keçeli tussaglykdaky raýatlarymyzyň howpsuz ýagdaýda yzyna getirilmegi üçin İordaniýaly we Ysraýylly resmiler bilen aragatnaşyk saklaýandyklaryny belledi.

Şenbe güni Ysraýylyň guran hüjüminden soň saklanan 36 türk raýaty Ankaradan uçan ýörite uçar bilen Türkiýä getirlipdi.

Sumud flotiline guralan hüjüm

Ysraýylyň deňiz güýçleri çarşenbe gijesi Halkara Sumud flotiline guralan hüjümden soň 50 ýurtdan gelen 470-den gowrak meýletini saklady.

Ynsanperwer kömegini alyp giden kerwen 18 ýyldan bäri Ysraýylyň gabawy astynda bolan Gaza ynsanperwer kömegini we lukmançylyk enjamlaryny ýetirmek maksady bilen ýola çykypdy.