TÜRK DÜNÝÄSI
1 minut okamak
Azerbaýjanda fransuz raýaty "içalylyk" aýyplamasy bilen 10 ýyl azatlykdan mahrum edildi
Bakudaky kazyýetleriň biri fransuz raýatyny harby hyzmatdaşlyk we aňtaw işleri bilen baglanyşykly içalylyk aýyplamalary bilen 10 ýyl azatlykdan mahrum etdi.
Azerbaýjanda fransuz raýaty "içalylyk" aýyplamasy bilen 10 ýyl azatlykdan mahrum edildi
Azerbaýjanda fransuz raýaty "içalylyk" aýyplamasy bilen 10 ýyl azatlykdan mahrum edildi
Duş 8 Ýek

Russiýanyň döwlet habar agentligi RIA-nyň habaryna görä, Azerbaýjanda kazyýetleriň biri duşenbe güni Fransiýanyň raýaty Martin Raýany Parižiň peýdasyna içalylyk etmekde günäkärläp, 10 ýyl azatlykdan mahrum etdi.

2023-nji ýylyň dekabrynda tussag edilen Raýanyň Azerbaýjanyň Türkiye we Pakistan bilen harby hyzmatdaşlygy barada gizlin maglumatlary toplandygy öňe sürülýär.

Baku şeýle hem Raýanyň fransuz dilinde gepleýän azerbaýjan raýatlaryny fransuz aňtaw gullugy bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin işe almaga synanyşandygyny öňe sürdi.

Raýan özüne garşy bildirilýän aýyplamalary bölekleýin boýun aldy.

Şu aýyň başynda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bilen Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. Aliýewiň edarasynyň beýanatyna görä, söhbetdeşlik ikitaraplaýyn gatnaşyklary täzeden janlandyrmaga we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmäge gönükdirilendir.

Aliýew oktýabr aýynda Kopengagende Makron bilen geçiren duşuşygyndan soň "iki ýurduň arasyndaky geçmişdäki düşünişmezlikleriň çözülendigini" aýdypdy.